— Okuwçy döwürlerimdi. Paýtagtymyzyň gaýrasyndaky Garadamak sowhozynda ýaşaýardyk. Mekdepden pomidor, kelem ýygdyrmak üçin Gämi obasyna äkiderdiler. Zähmet hakymyzy bolsa, käte mekdebe getirip bererdiler, kä wagtam Gämi obasyna gidip kantordan alardyk. Sekizinji syndadym. Bir gün zähmet hakymy alyp kontordan çykanymdan üç-dört sany deň-duş oglan öňümden çykyp, elimden pulumy aljak boldular. Menem daýawjadym. Bir oglan elimdäki puluma ýapyşandan,ýeňsesine çalyp, gorandym. Şonda ol oglan gidip, özüm bilen ýaşytdaşyrak bir oglany alyp geldi. Ol gelşine meniň bilen elleşip, hal-ahwal soraşdy. Soňra-da ýaňky ýigide näme üçin şarpyk çalanymy sorady. Düşündirip aýtdym welin, ol arz edip baran oglana: «Utanaňokmy, obaňa gelen myhmany şumy, garşylaşyň. Hany, seniň myhman sylagyň?» diýip, ýeňsesine çaldy-da, mendenem ötünç sorady. Şol pursatdan soň onuň keşbi göz öňümde galdy. Soň men her gezek Gämi obasyna baranymda ol gabat gelýärdi. Saglyk-amanlyk soraşýardyk. Atabaýyň kiçilikden şeýle düşünjeli, adamkärçilikli häsiýetine şol pursatda eýýäm göz ýetiripdim. Onuň bilen şeýdip başlanan tanyşlygymyz dostluga öwrüldi.
Atabaý menden bir ýaş kiçidi. Ýöne ol ir öýlendi-de, ogully-gyzly bolansoň, «agam» diýip ýüzlenýärdim. Bir gün ol maňa: «Agam diýme, men senden kiçi, utanýan-ow. Bolmasa, gowy aga çykan inim diýäý» diýip degişdi. Atabaý öýlenende toýunda Öwezgeldi Tekäýew aýdym aýdypdy. Şonda obanyň ýaşululary Öwezgeldi Tekäýewe: «Öwezgeldi, il arasynda Atabaýa seň şägirdiň diýýärler» diýip sowal berdiler. Öwezgeldi Tekäýewiň: «Il oňlasa atyňy soý» diýýärler. Il diýýän bolsa men şoňa şat, ýöne men onuň elinden tutub-a hiç zat öwretmedim, diňe, bir ýyl bäri toparymyzda işleşip ýörüs. Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter diýipdir gadymkylarymyz» diýip buýsanyp durany häzirem ýadymda.
Bir gezegem Atabaýyň ogly Kuwwat ilkinji gezek toýa gideninde Tejene toýa bardyk. Babadaýhanda Annaoraz atly «Gatakar» firmasynyň işgäri ogluny öýerýärdi. Şonda Atabaý on-onki sany aýdym aýtdy. Özem ýarawsyzdy, emma syr bildirmän ol: «Adamlar, ynha, meniň oglum, Kuwwat janam ilkinji gezek toýda çykyş edýär. Munuňam aýdymlaryny diňläň! » diýip Kuwwada-da bäş-alty aýdym aýtdyrdy. Soňra ýene-de özi aýdym aýtdy. Şeýdip gezekleşip toýy sowdular. Hoşlaşyp gaýtjak wagtymyz sag bolsun aýdyp howla çagyrdylar. Howlynyň içindäki uly agaç tapçanyň üstünde ak gyňaçly garryja ene bir gysymjyk bolup otyr eken. Ol ýanymyza geldi-de: «Balam, ömrüň uzak bolsun! Sesiňe döneýiň, Atabaý jan! Kyn görmeseň maňa «Ejem» atly aýdymyňy aýdyp beräý-dä, oglum!» diýip Atabaýy bagryna basyp gujaklady. Şol pursat hiç göz öňümden gidenok. Şonda Atabaý: «Käbäm, diňlejegiň aýdym bolsun!» diýip, «Ejem», «Balam» hemem «Balsaýat» aýdymlary aýdypdy. Eger şol pursadyň ýazgysy gerek bolsa, şondaky toý eýesiniň salgysyndan wideoýazgysyny tapyp berip biljek» diýdi.
— Bir gezegem şeýle waka boldy. Men gaty giç öýlendim. Halaşýan gyzymy bermediler, alyp gaçmagy bolsa, namartlyk hasapladym. Onsoň her gezek öýlerine barsam Atabaýyň ejesem: «Oglum, saňa-da bir çen boldy, gyz gyt däl ahyry. Özümiz sawçylyga gidäýeli, ejeňe rugsat ber, balam!» diýerdi. Atabaýyň ejesi Gülje daýzamyň häsiýetem edil Atabaýyň häsiýeti ýaly-dy. Mähirli, adamkärçilikli, arassa ýüreklidi. Barsam derrew öňümde çaý-çörek goýup gara-gadyrdy.
Ahyry bir gün öýe geldim welin, ejem: «Balam, deňiňden-duşuňdan galdyň, jan oglum. Söýeňde näme bermeseler, ýedi gezek gudaçylyga bardym. Her gezegem kowlup gaýdýan, çagam. Indi bir, rugsat beräý-dä!» diýip hamsykdy. Ejeme dözmän nädip «bolýa» diýenimi duýman galdym. Ertesi ejem başga birine sawçylyga gidipdir. Öýümizde Atabaý bilen otyrdyk. Ejem sawçylykdan gelşine: «Atabaý jan, gelnejeň gurt bolup gelendir öýdýäňmi, ýa-da tilki» diýip gapydan ýylgyryp girdi. «Elbetde, gurt bolup gelensiň, gelneje! Haçan toý, gyzykly ýerini aýtsana!»diýip Atabaý ýerinden turdy. Ejem: «Salgydynyň harajadyna diýen nyrhyny tapan bolsam-a, şu günem toý sähedimizi alyp biljekdim» diýdi.
Atabaýyň ulagy howlymyzda durdy. Ol: «Diňe şo pul bilen iş düzelýän bolsa, häzir, gelneje» diýip, ulagyndan pul alyp geldi-de, ejeme berdi. Haýran galdym nikamyz gyssandyr-da, bir hepde-de toý sähedimiz alyndy. Özem inimiň toýy bilen bir günde goşa toý etdik. Şol wagtlar bir salym tanymal bagşylara toýa gitmek gadagan edilipdi. Halk bolsa olaryň aýdymyna teşnedi. Çekinse-de, dost bolany üçin toýumda Atabaý aýtdy. Ol: «Şu gün iň ýakyn hemem mekirlik edip, iň soňky bolup öýlenýän dostumyz Hanow janyň toýy…» diýip degişme bilen başlap, süýji-süýji arzuwlar bilen gutlapdy. Toýumyza şeýlebir märeke geldi, olaryň köpüsini tanamyzokdyk, diňe Atabaýyň aýdymlaryny diňlemek üçin gelen adamlar sanardan kändi.