Döwür ösýär, bilmeýänlem köpelýär
Içim doly soraglaryň haltasy
Ýigrim biriň oglany men bilseňiz
Pikirlerim ýigriminiň ortasy
*****
Bir görseň-ä bizden gowy adam ýok
Bir görseňem bir diwana, däli biz
Ençe wagtlap "tanyş" adyn alsak-da
Düşünemzok bir-birege häli biz
*****
Ýagşy niýet kalpda gezsin göterlip,
Gutarsa-da käte takat-sabrymyz
Daş-töwerek kirläni-de ýeterlik,
Haýyş edýän, kirlemesin kalbymyz!
*****
Akmak bolmaz, akyl bolmaz çem gelen
Agramy-da bir-birinden kem geler
Boş çykmagyň takmyny-da ýokary,
Görnüşinden doly görnen kelleler
******
Hiç kimse-de tutmaz diýe deregni,
Duýgulardan gezdim-ýördüm asylyp
Sözler bilen öldürende ýüregmi,
Gitmedi ol, jenaýata basylyp...
******
Göz näçe bolsa-da owadan
Bigörkdir gaş ýetmese
Deňiň gözläniň peýdasy nä?
Deň edip, duş etmese
******
Ýeňlişler ýolumy kesýärem welin,
Göreşmegi ýene ulanyp ýörün
Kynçylyklar üstden basýaram welin,
Arzuwlarma heniz ynanyp ýörün...
Ylham GURBANALYÝEW