Gülhan
11.08.2022 10:38
Ýene toý hakynda gozgadyň gürrüň,
Ýeri, indi näme diýsemkäm eje.
Käşgä, tapyp bilsem başlamaň ugrun,
Saňa diýjeklerim diýseň kän eje.
*****
Sessiz turup gitsem soňun diňlemän,
Ýognandyr öýtmegin, ogluň ýeňsesi.
Käbäm!
Meň kakama meňzäsim gelýär,
Hany, nirden tapjak saňa meňzeşi.
*****
Kyn däl, kän gözeller gyňaç bürense,
Şol pursatda öwrülip dur geline.
Ýöne gyz gyt ýürek edip ýüregňi,
Berip boljak eline.
*****
Ýassykdaş däl, ýürekdeş meň geregim,
Tapmankam “öýlen” diýp igenmäň eje.
Meni her kim söýüp bilmez bir ömür,
Özümi özümem ýigrenýän eje.

Mätgurban Mätgurbanow.
21
270
alisherxon
12 Awgust 2022
Suraty köpräk haladym. Goşgada söz ýok
Myhman Myhman
12 Awgust 2022
Gaty gowy haladym
Myrataly
12 Awgust 2022
GoLd,Barlap gormekde peyda bar.

GoLd,Siz hokman bashararsyňy men ynanŷan😌
Myrataly
12 Awgust 2022
GoLd,Barlap gor hemishe ishleyan zat 😌😏
Myrataly
12 Awgust 2022
GoLd,Bagtly bolmagyň syry shonda 😌
Gülhan
11 Awgust 2022
Dusia, duyn duyshumde ervet yagdaydalygyn gorupdirn. Ey duyshdirda dp goyan boldm. Asyl onda... Name dowjek bolya ony
Dusia
11 Awgust 2022
Gülhan, ýürek nasos diýsem 🥺🥺🥺

Döwüljek bolýara bu zat 😔
Gülhan
11 Awgust 2022
Dusia, nstr yok yaly ha?.
zolushka
11 Awgust 2022
Gyz gyt ýürek edip ýüregňi.. Berip boljak eline❤️🤲
Dusia
11 Awgust 2022
ArslanYazly, gowy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.