ay_kiz_
10.08.2022 15:21
Kalbyň ynjysy....

Ynjan ýüregimiň derdin çekmäge,
Çykyp gitsem başym alyp uzaga,
Dem alaýyn ol sähraýy howadan,
Ýogsam düşýär pikirlerim duzaga
💫💫💫💫💫💫💫💫💫💫💫💫💫
Nämüçin sen ýaprak ýaly ýukajyk,
Ah, meniň kimirsiz sadaja kalbym?
Köňli gara ýelli kişileň ýanna,
Bolaýýaň sen ýönekeýje bir salgym.
💫💫💫💫💫💫💫💫💫💫💫💫💫
Käte gybat, käte töhmet ýüklense,
Aglaýarsyň sessiz, otsuz tüsseläp.
Gaýta sen näm üçin gazaba münmän
Içiňe salýaň-da, ýatýaň hassalap.
💫💫💫💫💫💫💫💫💫💫💫💫💫
Ynjyk kalbym! Ikimize kyn düşýär,
Sygmaýarys bu ullakan jahana,
Gel, ikimiz söýenşeli bileje,
Doň ýürekler tapmasynlar bahana.
💫💫💫💫💫💫💫💫💫💫💫💫💫
Ah, kalbym, ah kalbym... men saňa haýran,
Çekip ýörýäň ýönökeýlikden zyýan,
Ýöne, bir güýjüň-ä näme-de bolsa,
Mydam bizi gorap durýany aýan.
9
52
gulshatayewa97
10 Awgust 2022
Gowja goşgy eken haladym🥰🥰🥰
wolf
10 Awgust 2022
😔😔😔👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.