Iki ýürek soňy bire jemlenmez,
Kabul bolar öňden gelýän kadalar
Perzendiniň bagtyn ýakyndan gözläp
Kör bolýar, niçeme eje-kakalar
*****
Edilen minuslaň ýüzüne aýtman
Diňe plýuslaryn ýaňsadyp barýas
Süri-de agsaksyz bolmazmyş diýip,
Galanja sürinäm agsadyp barýas
*****
Isle öçürsinler, isle ýaksynlar
Näme isleseler alsyn geregni
Men ýazaryn
Ýazaryn men
barybir
Öçürmeseler çyrasyn ýüregmiň
*****
Söýmek bir dertdir.
Söýülmegem güzap.
Güzap barmy?
Diýmek, ýok onda hasap
Söýgi gül bolsa ,müdümi bir güldir
Zyňmagyn ony, bir gezeklik ysgap...
*****
Mertler ýaşar namys üçin, ar üçin
Namys üçin geçer sowgat halatdan
Göwnüñe hemmeler merde meňzeýär
Emma adamlaryň ýarsy galatdan
*****
Gara bolsa gara diýip dakyň siz,
Ýöne bolsun ýagşylygyň waspynda
Gara diýmän, bir kalbyna bakyň siz,
Gara deňzem gara däl-ä aslynda...
*****
Öz-özümiz geljek nesliň kastynda,
Bu gidişde, gör nämeler çag alar?!
Edebine kim bakmaly aslynda,
"Ejjeň" diýip ösüp barýan çagalaň?!
Ylham GURBANALYÝEW