Men ol ýaş adamyň adyn aýtjak däl,
Tapawudy näme Myratmy, Kuly.
Men onuň yaşynam aýdyp durjak däl,
Tapawudy näme kiçimi, uly.
Ýöne diňe bir zat aytmaly bolsa,
Ol sözleri bilen meşhur bolan är.
Postlarda, teswirde, çatda bolsa-da,
Ol nirde bolsa-da manyly gürlär.
Ýöne ýaşuly däl, ýaşy kiçem däl,
Asyl meselesi haýyr bilen şer.
Söygi temasyna gelende welin,
Täsin gepleşer.