Ene watan ene toprak öz eneň
Şundan eziz şundan beýik gudrat ýok
Ene söýgüsini ene mährini
Olçäp biljek ölçeg bolmandy hem ýok!!!
Ene hakda ene ýüregi hakda
Ýazyp doly beýan edip bolmaýar
Özi ene bolup görmedik ynsan
Enäň kimligini doly bilmeýä!!!
Oň mährinden doýan hem ýok doýmagam
Çünki sen oň ýüreginden önýärsin
Ýa begenip ýada gynanan wagtyň
Ejemjan diýeniň duýman galýarsyň!!!
Ýola gitseň gözleriňe göz dikip
Intizar gözleri ýoluňa bakar
Bir pursat menzilde basyň agyrsa
Habar tapar oň ýüregne aýan bor!!!
Ýaşlykda däl ýaşlyk otsede çenden
Ejen barka özüň çaga saýýarsyn
Bardy geldi ykbal aýyrsa birdan
Ýetim galanyny şonda duýýarsyn!!!
Garran pursatynda enäň ömrüni
Uzaltmaklyk ogul gyzyna bagly
Bize ömür beren mährem eneler
Gitmesin armanly ýüregi dagly!!!
Hemmäňizede salam gowymysynyz gyzlar eje hakynda goşgy diýipsiňiz menem öz postymda goýmagy makul bildim başgada ýene gerek bolsa ýazaryn