Alymlar agyryny duýup bilýän hakyky çaga robot ýasadylar
Ýaponiýada alymlar, degeniňde (bedenine täsir edeniňde) garşy çykýan we agyryny duýup bilýän bir robot ýasadylar. Affetto atly çaga robot, adamlaryň robotlara bolan garaýyşlaryny özgertmek üçin döredildi.
Adam sypatly robotlar soňky wagtlardaky edilen işlerde has hakykylaşyp başlady. Bilim fantaziýa filmlerinde gören böleklerimiz indi ýuwaş-ýuwaşdan durmuşymyza girýär. Soňky bolup Ýaponiýadaky Osaka uniwersitetiniň alymlary, agyryny duýup bilýän robot döretdiler.
Affetto atly robot ilkinji gezek 2011-nji ýylda tanadylypdy. Özgertme topary, ýakyn wagtda robota sintetik deri goşup, basyşdaky üýtgeşmäni takyklamagyny ornaşdyrdy. Minoro Asada-nyň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler, “Inženerler we material alymlary täze bir duýujy sensor döretdi we sensory hyýaly deri bilen örtülen, hakyky ýaly ýüz bilen beden skletine eýe bolan Affetto atly çaga robota ornaşdyryldy” düşündirişini berdiler.
Affetto, alýan signallary bilen ýumşak we gaty urgulary saýgaryp bilýär. Geçirilen işler, Affetto-a ýerleşdirilen deri sensorlaryň, robotyň “agyrydan” gaçmagyna kömek berjekdigini görkezýär. Affetto, bedenine täsir edilende ýylgyryp, gaşlaryny çytyp we ýüzüni üýtgedip garşylyk berýär.
Çaga robot üstünde edilen barlaglar nähili rehimsiz bolsada, gözlegçiler robotyň adamlaryň gelejekde robotlar bilen has ýakyn gatnaşyga girmesine kömek berjekdigini çaklaýar. Tapyndylar, has öwüşginli netijeleri görkezmek üçin ýüz hereketlerine täsir ediji şekilde gözegçilik etmesini döreder.
Gözleg işiniň ýolbaşçysy Asada, “Sosial robotlar, adamlardaky meňzeşliklerini beýan etme mehanizmynyň üsti bilen, agyra gaýgyly reaksiýalary görkezjek şekilde programmirlenýär” diýdi.
Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/aciyi-hissedebilen-cocuk-robot-gelistirildi-h86288.html
Habar barada pikirleriňizi teswirlerde ýazyp, göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz!