jemal_seyitniyazowa
09.08.2022 14:48



Ýykylmak hem turmak.
●×.×.×. ●.×.×.×.●.×.×.×.●
Şägirtleriň biri halypadan sorapdyr:
— Halypa, birden meniň ýykylanymy görseňiz, näme diýersiňiz?!
— Tur!
— Soň ýene ýykylsam?
— Ýene-de «Tur!» diýerin.
— Bu ýykylyp, turup ýörmek näçe wagt dowam ederkä?!
— Ýykylsaň, dirikäň hökman turmalydyr! Ýykylanda
turmaýanlar ölüdirler.
●.×.×.×.●.×.×.×.●.×.×.×.●


Bagtyň taýýarlanylyş usuly.

Sabyr käsesini alyň.
Oňa ýüregi dolduryp söýgi guýuň.
Iki goşawuç jomartlyk atyň.
Biraz ýumor hem sepeläň.
Ýagşylygam guýuň, ynamy näçe köp goşsaňyz, şonça gowy.
Onsoň bularyň baryny gowy edip garyň.
Soňra ony özüňize berlen ömrüň bir bölegine çalyň-da, ýoluňyzda
duş gelenleriň ählisine hödür ediň!!!



Agaç.

Ýoluň ugrunda guran agaç bar eken. Gije bir ogry onuň
gabadyndan geçeninde gorkupdyr — özüni tutmak üçin peýläp duran
şäher sakçysydyr öýdüpdir. Aşyk ýigit geçip barýarka şatlykdan ýaňa
gursagyndaky gürsüldi güýçlenipdir: ol agaja öz magşugydyr öýdüpdir.
Ertekileri köp diňlän çagajyk agajy görüp, eýmenip, aglapdyr: agaç
onuň gözüne eýe, jyn bolup görnüpdir.
Ýöne bu ýagdaýlaryň ählisinde-de agaç diňe agaçlygyna duran
eken.
Biz dünýäni özümiziň bolşumyz ýaly görýäris

Naşyja sowgatlardan...🦋💙
19
133
ideallider
29 Sentýabr 2024
@crazygirll_, öwrenmeli ýuwaşjadan pyntyklap-gögerip başlaýar tupan bulam-bujar edýär, ýene gaýtalanýar. Howwala esasy zat düşünişmegi öwrenýäs🙂👍
crazygirll_
29 Sentýabr 2024
@ideallider, men geldim eylekilerem geler İnshallah :)😊esasy gowy bolsanyz bolýar galan zadynam bir charesi bolar;)☺️öňki ýaly aktiwlik ýok eken:(
ideallider
29 Sentýabr 2024
@crazygirll_, Salam. Gowlukla. Howwa okamaga zat tapmamda görüşdirýän. Öňkiler gitdi gelerlerdä ýene aýlanyp dolanyp. Özüň nähili?🙂
crazygirll_
29 Sentýabr 2024
@ideallider, Salam gowmy yagdaylaryn?🤗intagem arhiwi goryanmi?:) men duyn girdim öňki agzalara dush gelmedima nirede olar?🙄
okyyjy
29 Sentýabr 2024
@ideallider, çyndanaň gowy eken+++
ideallider
29 Sentýabr 2024
Okaň manyly post tapdym🙂👍
ideallider
9 Awgust 2022
Manyly😊👍
perizadym
9 Awgust 2022
Seniñ ýykylyp galyşyñ olaryñ durşundanda has dik !
wolf
9 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
jemal_seyitniyazowa
9 Awgust 2022
Gülşat Ataýewa,howa hakyky
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.