Sen ýok - indi günem nuryn saçanok
Sen ýok - reňkli dünýäm ýitirdi reňkin
Günlerem öňkisi ýaly geçenok
Indi guşlaram hiç uçanok erkin
Indi ýuwaş-ýuwaş dünýämden ýiter
Seniň sadalygyň,
Seniň päkligiň
Daýaw däldim,
Emma öňkiden beter
Ejiz goýdy, dünýämde seň ýoklugyň
Gözledim gözlerňi özge gözlerden
Käşge tapabilsem ýeke meňzeşlik
Biz söýgüni gözlemändik sözlerden
Biz mydam ýürekler bile sözleşdik
Sensiz öter
bahar,
tomus,
güýz,
gyşam
Emma şükür goýnunda men pelegiñ
Ýaşaryna şükür edermiş guşam
Ýitirse-de ganatyny-ýelegin...
Ylham GURBANALYÝEW (2021)