Gülhan
08.08.2022 19:11
Ine, barýaň umydyňa büdüräp,
Egniň horlugyna utanyp çala.
Uzakda orkestr joşup-titiräp,
Tans edýär owadan gyzlary bile.

Hor ellerňi çykaraňok ýeňiňden,
Olar birden ýere ýetäýjek ýaly.
Geçip barýaň ýigitleriň deňinden,
Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly.

Undup bilmän görmeksizje doglanyň,
Ýüregiňde hoş arzuwlar besleýäň.
Geçip barýan bir syratly oglanyň
Mylakatly söz aýdaryn isleýäň.

Emma ýigitleriň öz gaýgysy bar:
Ýörite ýag bilen saçlaryn darap,
Olar wagtdanam ozup barýarlar,
Özlerniň owadan gyzlarna tarap.

Ah, horja gyz, horlugyňdan horlanýaň.
Saňa hoş söz diýjek ýigit nirede?
Bu şäherde näçe diýseň ýigit bar,
Seni öýe ugradanok biri-de.

Gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip,
Owadan gülüşip ýüregňe düşýär.
Olar görmegini artdyrjak bolup,
Gezegine seniň bilen tirkeşýär.

Öýe gelýäň. Gyýýar ýüregňi ünjiň,
Hasratdan çekilýär iki owurdyň.
Aglaýarsyň: «Ah, eje jan, nämüçin
Meni beýle betgelişik dogurdyň?»

Emma goňşy gelin — bir görmegeý dul
Atasyz ogluna günäli bakýar.
Hem seniň tersiňe,
Gussa-gam çekýär:
«Owadan dogulma,
Bagtly dogul!»

Aglama, gyz! Uýajygym, gam çekme,
Bilip bolmaz ykbalyňy öňünden,
Bu howlukmaç ýigitlere at dakma.
Kim geçenok öz bagtynyň deňinden.

Käte şeýle bolýar: görkdür-görmek
Gidip otyr il içinde at alyp,
Ýöne, nämüçindir, tylla ýüzük dek
Ýolda,
Gum içinde galýar sadalyk.

Tekepbir bol, çykyp bolmaz gaýa dek.
Sada bol, aýlaryň doguşy ýaly.
Şeýle ýigitler bar, (olar bar entek)
Sen dek gaýalarda olaň hyýaly!

Gurbannnazar Ezizow
27
212
H3MRX
9 Awgust 2022
garlawaç,haaa, dogry
H3MRX
9 Awgust 2022
"Görmeksizje gyz" öýtýän goşgyň ady

Myhman Myhman,G.Ezizowyň kitabynda ba
Myhman Myhman
8 Awgust 2022
Bunyaly gosgulary nirden tapyanyzay
gulshatayewa97
8 Awgust 2022
Owadan dogulma bagtly dogul❤️🌷🌹
RuníA
8 Awgust 2022
ajaýyp{🤎}
Myrataly
8 Awgust 2022
Oraaaaan gowy 🙂
janan
8 Awgust 2022
Agirtlerin eserlerem agirtda okap lezzet alyp doyanok
Myhman Myhman
8 Awgust 2022
Owadan dal bagytly dogul
BaýramBejidow
8 Awgust 2022
Gaty gowy👍👍👍
MissBoss♕
8 Awgust 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻✨
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.