Melikee
08.08.2022 17:49
Doglanyňda göbek ene göbegiňi kesdim diýip puluňy alsa,
Çagalar bagyna gatnanyň üçin, terbiýeçi puluňy alsa,
Mekdebe gatnanyň üçin, mugallymlar puluň alsa,
Işe girjek bolsaň, başlyk puluňy alsa,
Bir ýerik gitjek bolsaň, maşynyna mündireni üçin, şofýor puluňy alsa,
Toýda myhmanlara gel-geç diýdirjek bolup tamadaçy puluňy alsa,
Toý çadyryny dikeni üçin, gap-gaç, stol-stul bereni üçin bäş manat üçin ylgaýanlar puluňy alsa,
Toý suratlaryny şyrkylladany üçin, fotoçy puluňy alsa,
Toý şekili wideo geçirdim diýip wideoçy puluňy alsa,
Toýda goýlan gök önümler üçin, gök satýanlar puluňy alsa,
Poýeza müneniň üçin prowodnik puluňy alsa,
Polisiýa birki agyz diýeniňi aklatmak üçin milisge daýy puluňy alsa,
Ýaramaýanlygyň üçin bejergä lukmanlar puluňy alsa,
Maşynyň döwlende bejergi üçin maşyn ussa puluňy alsa,
Malyňy bakyp berýänleri üçin çopanlar puluňy alsa,
Bu zatlara ýüregiň agyrany üçin, bejergä ýürek lulmanlar puluňy alsa,
Ýürek agyrydan öleniňden soň, gabyr gazyp berenleri üçin gabyrçylar puluň alsa,
Aýat okap " Ýatan ýeri ýagty bolsun, onluk çyra ýanda bolsun, jaýy jennet bolsun ! " diýip bereni üçin, mollalar puluňy alsa,

Bu dünýäde köp zat pula bagly diýsem,ynanoklar , ýöne ol hakykat.
Doglanyňdan tä ölýänçäň pulda.
Hat-da şuny paýlaşanym üçinem wi-fi
ýa-da altyn asyra pul gidýä :)
19
150
gulshatayewa97
8 Awgust 2022
Pul adamy bagtly edenok ýöne bagtly edýän 95% meseläni çozýär diýärä
RuníA
8 Awgust 2022
Pul poçti hemme zady çözýä!
Melikee
8 Awgust 2022
Poet,😊..
Poet
8 Awgust 2022
400 post 🔥
Melikee
8 Awgust 2022
CrAzY Girl,maýor elimimi ? Arassa elim ! 😋😁
wolf
8 Awgust 2022
Melikee,sps
Melikee
8 Awgust 2022
Resul06,minnetdar ! :)...howwa, saňada, 1000 läp post goýmak, mynasyp derejeleriňe ýetmek nesip etsin !
wolf
8 Awgust 2022
Melikee,Tuweleme gutly bolsun bizede nesip etsin👍
Melikee
8 Awgust 2022
Melike 400-nji postum gutly bolsun ! :))
alisherxon
8 Awgust 2022
Myhman Myhman, dogry

Özi durmuşyň zynjyry şeýle düzülip gidiberýä...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.