Ownujak zatlar agzap durmalyň,
Aýlar geçip, ýyllar aýlanyp dursun.
Toýlar toýa, ýaslar ýasa meňzesin,
Ak gün depämizden sallanyp dursun.
Her paslyň ýagdaýy — rejesi bar.
Her zadyň özüniň derejesi bar.
Adamyň agy bar, garasy bar,
Ýagşylar ýamandan saýlanyp dursun.
Men kemimi öz içimde saklan däl.
Görüp durus, her diplomly lukman däl. Bileňokmy — bilýän diýmek hökman däl. Bilmeýän bilýänden öwrenip dursun.
Ýap boýunda tallar yransyn herýan,
Sülmüresin deňiz, çyrpynsyn derýa.
Sepilen tohumlar bolmasyn yrýa,
Ýaýlalar ýagmyrdan suwlanyp dursun.
Öý-öýdür, üzügi, durlugy bilen,
Adamy tanarlar ýerligi bilen,
Säheriň çygy dek terligi bilen,
Gyz çyksyn, Ýigitler öýlenip dursun.
Ogullarmyz ata ýumşun bitirsin,
Her kes diňe öz ornunda otursyn.
Gelen özi bilen döwlet getirsin,
Gidenler yzyna köwlenip dursun.
Ýigit ýalňyz dogulmasyn dörände,
Hossar bolsun, dost-ýar bolsun degräňde.
Bili guşap bir tarapa ugranda,
Işimiz mydama şowlanyp dursun.
Biderek gitmesin berlen öwütler,
Goý, ýetişsin garga däl-de, bürgütler.
Häh! diýende Mäh diýäýjek ýigitler,
Çapyljak at ýaly şaýlanyp dursun.
Bolsa-da adamlar beýikli-pesli,
Maýda-ha bolmandyr türkmeniň asly.
Oguz hanyň yzy, Göroglyň nesli,
Ownama haw, murtuň towlanyp dursun.
Berdinazar Hudaynazarow