Haýyş hökman okaň!.. ýaltanmaň...
Bu arzuw amala aşýar, muňa gözüm ýetenok... bu hem beýle... diýp arzuwlaryňyzy geljekde amala aşmaz ýaly etmäň. Ätiýaçlyk üçin hemmesinem ýanyňyz bilen alyp gidiberiň... bary birem barjak ýeriňiz şo tarap, gelejek. Ýada agyrlygy düşüp duranok. Sizde hem şeýle ýagdaý bolanmy?! Biri göwnüňize degende, gaty öýkeläniňizde, özüňizi hiç kime gerek däl diýip oýlanyňyzda, ählisinden öl*p dynasyňyz gelýär, ýöne arzuw umytlaryňyz muňa ýol goýmaýar. Arzuw bu ýaşaýyş, ömür. Adamda arzuw bolmadyk ýagdaýynda umytsyzlananda hemme zada arkaýyn düşende, indi ýaşamakdan maksady galmanda dünýäni terk edýär. Belki şonuň üçinem adam garranda aradan çykýandyr... Arzuw umytlar ýaşaýşyň aýrylmaz bölegi bolýan eken, arzuw etmekden ýadamaň!..