Alkogolizm:
Adamyň beden we akyl saglygyna, maşgala, jemgyýetçilik we iş sazlaşygyna zyýan berjek derejede alkogol içgilerini ýygy-ýygydan we aşa köp sarp etmekligine alkogolizm diýilýär. Alkogolizm saglyk problemalary, ýol heläkçiligi, öz janyña kast etmek, jenaýata meýillilik, maşgalanyň dargamagy, ykdysady kynçylyklar we iş durmuşynyň ýaramazlaşmagy ýaly köp ölçegli möhüm meseleleriñ biridir.
Alkogolizm keseldir. Etil spirti özüne baglylygy getirýär. Ýöne içýänleriň hemmesi endik edenok. Käwagt adaty içmegiñ nirede gutarýandygyny we alkogolizmiñ nirede başlanýandygyny kesgitlemek aňsat däl. Alkogolyň gaty az mukdary bilen serhoşlygyň alamatlaryny görkezýän ýa-da aşa agressiw kişiler hem bar. Adatça 20-40 ýaş aralygynda bolýar.
Alkogola garaşly adamlaryň häsiýetleri
Bedene ýetirýän zyýanyna görülýän hem bolsa içmegi dowam etdirmek,
Akyl saglygynda görnüp dursa-da alkogolyň mukdaryny köpeltmek,
Içmekden başga gyzyklanmalara, duýgulara we lezzetlere ýer berip bilmezlik, we başgalar.
Kişi we garyndaşlary alkogol endiklerini aňsatlyk bilen bilýärler. Şeýle-de bolsa, adamlaryň köpüsi maşgalasynyň, iş ýeriniň ýa-da başga bir jemgyýetçilik guramasynyň basyşy bilen lukmana gelýär. Şol sebäpli adam içýän mukdaryny gizläp biler we barlag wagtynda köp alamatlary görkezip bilmez. Daş töweregiñ maglumaty alynmasa endigiň derejesini kesgitlemek kyn bolýar. Alkogola endik eden ýa-da ony erbet ulanýan adamlar köplenç beýleki psihaktiw maddalary ulanýarlar. Mariuana, benzodiazepinler, kokain we ş.m. ruhy çökngünlik köp görülýär. Bu depressiýanyň sebäpmi ýa-da netijemi, ara alyp maslahatlaşmaly.
Spirtli içgilerden dynmak üçin maslahatlar
Alkogolly içgileri içmek islegi adamy alkogol içgilerine iterýän güýçli duýgydyr. Şonuň üçin bu duýgyny we onuň alamatlaryny gowy bilmeli. Bu isleg garaşylmadyk pursatlarda gelip biler. Käwagt alkogol içmek islegi aradan aýrylmaýar. Şol ýagdaýda aşakdaky usullary ulanyp bolar:
Ünsüňizi sowjak endikler ediniň (ylgamak, kitap okamak, nahar iýmek, miwe şiresi, gazly suw içmek we ş.m.)
Alkogol içgilerine bolan islegiňizi ýakynlaryñyza aýdyñ, olar bilen derdiñizi paýlaşyñ
Rahatlamak üçin maşk ediñ
Suwa düşüñ
Alkogol içmegiñ erbet taraplaryny ýatlap duruñ
Serhoş bolmadyk wagtyñy ýada salmaly we bu wagty wagtlaýyn keýp üçin bozmajak boluñ
Bejergi üçin çeken zähmediñi ýadyña salmaly
Alkogol içme duýgusy tolkun ýaly gelip geçiji duýgudyr. Gaýrat edip çydamlylyk görkezseñiz ýuwaş-ýuwaşdan azalyp ýok bolup gidýär.
Alkogol endiklerini bejermek hakda bilmeli zatlar:
Alkogol endikleri bejerip bolýan ýagdaýdyr, diňe spirtli içgileri taşlamak bejergi aldygyny aňlatmaýar. Adam üýtgemeli. Üstünligi ýokarlandyrýan iň möhüm faktor, adamyň islegli we tutanýerli bolmagydyr. Alkogolik adam özüni üýtgetjek bolanda, maşgalasy bu üýtgeşmeleri kabul etmeli. Bejergi uzyn bir proses. Iň azyndan 1 ýyl dowam etmeli. Alkogolyň gaýtadan ulanylmagynyň öňüni almak üçin strategiýalary öwrenmek hökmandyr. Bejerginiň dowamlylygy örän möhümdir. Derman we psihologiki bejergiler bilelikde ulanylmaly. Şahsy ösüş üpjün edilmeli, täze hünärler ele alynmaly. Durmuş täzeden gurulmaly. Ýalan alkogolik kişileriñ we maşgalasynyň durmuşyndan aýrylmaly. Kişi öz beýnisine ynanmaly däl. Şonuň üçin özüni test etmekden saklanmalydyr.