Bir gün oýanarsyň säher şapagy,
Açarsyň gözlerňi pessaýlyk bile.
Ýorganyňda ak gündiziň ýagtysy,
Gapdalyňda ýagty berýän penjire.
Owadansyň ak düşegiň üstünde,
Meýmireder seni säheriň ysy.
Gapdalyňda ýagty berýän penjire:
Aýdym aýdar çagalaryň gülküsi.
Şonda şu kalbyňda duýarsyň bada,
Şat owazlar seniň üçin bagtdyr.
Görersiň. Zemine gijeden galan -
Asmandan şeýle bir garlar ýagypdyr.
Bu - zeminiň görülmedik ahwaly.
Seniň bagtyň kimin gelen şol garlar,
Meniň şu dünýede arzuwym bolup,
Hem-de söýgim bolup ýanyňa barar.