Gülüp bersene, edil öňkiň ýaly
Gülkileňde özboluşly jady bar
Maňa üýtgeşik sowgadam gerek däl,
Ýylgyrşyňy berip bilseň ýadygär
Gülüp bersene, edil öňkiň ýaly
Goý, bolsun ol gussalaryň melhemi
Elimdäki barja erkimi alyp,
Çagyrsyn ol täze geljek ylhamy
Gülüp bersene, edil öňkiň ýaly
Getirsin ol ýaşlygyma çakylyk
Gulagyma gelýän pessaýja sesiň
Ykbalymyň mukamydyr-bakylyk
Gülüp bersene, edil öňkiň ýaly
Güläýseň, durulmajak gahar güler
Jemlenipdir onda bir çemenzarlyk,
Gyş güni, sowulmajak bahar bolar
Gülmeseň hiç, ýylgyrmasaň çalaja
Şugla saçmaz gülälek görkiň bary
Şonuň üçin,
Birazajyk bolsa-da
Gülüp bersene, edil öňkiň ýaly...
Ylham GURBANALYÝEW (2021)