ylham_1989
08.08.2022 00:56
Yşkyñ del köçesinde.




Ýene ýola çykdym tanyş eşikde,
Göýä bu dünýäniň baky derwüşi.
Käte gaýyp içre owaz eşitdim,
Bu ömrüme salyp müň bir werzişi.

Hiç bir kişä azarym ýok, derdim ýok,
Şükür, egsilmeýär köňül baýlygym.
Durmuşyma minnetim ýok, şertim ýok,
Ýagşy närselere sowýan aýlygym.

Diýýän: «Syna, durmuş, aşa çakyndan,
Ähli synaglarňa jismim döz geler.
Gümmi-sümmi etsem ýa-da sakynsam,
Ejizländir öýdäýmesin özgeler».

Käte men ulagly, käte pyýada,
Ezmaýyşly ýollaň geçip giderin.
Sende öwşün atar ömrüm zyýada,
Dünýä şugla saçyp, öçüp giderin.

Yşkyň ýoly, gör, nireden başlandy,
Bu söýgüde kim ýaşapdyr armansyz.
Kim ataşa, kimler suwa taşlandy —
Ony seljermeklik maňa galmandyr.

Ýara syrlarymy aýdyp köşeşdim,
Bu ömrüme salyp ýüz-müň werzişi.
Ýene ýola çykdym yşky eşikde,
Men bir bu söýginiň baky derwüşi.



Döwletgeldi ANNAMYRADOW,

10
58
Papatya
14 Awgust 2022
Döwlet Garkyn...
ylham_1989
8 Awgust 2022
Gulperi,Elbetde
Gulperi
8 Awgust 2022
,,🤔uytge gosgy eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.