ylham_1989
08.08.2022 00:42

Bedroý aýal hem onuň batyl äri
hakynda



Abdyrahman Jamy, “HEKAÝATLAR”

Gadym çakda ýaşanmyşyn bir batyl,
Sataşanmyş oňa bir bedroý hatyn.

Ol edep görmedik hem gödekmişin,
Özem durşy bilen gybat—gepmişin.

Ýüzi garrygyzyň paçagy ýaly,
Maňlaýy durşuna ýygyrtdan doly.

Bili küýki, gulaklaram agyrmyş,
Gybat gözläp, öýden—öýe ýüwirmiş.

Bir gün ol äriniň ýüzüne garap,
Başlanmyş gürrüňe şelaýynsyrap:

„Batyldygňa gelýär şeýle bir haýpym,
Ýok meniň synamda birjigem aýbym.

Jemalym bäs edýär nurana Aýa,
Görenler aňk bolup bakýar men taýa.

Gözelligme gözi gidip gülleriň,
Ahmyr, arman çekip, galar süllerip.

Inçe bil, al ýaňak, serwi boýly men,
Biler bolsaň, är jan, ine, şeýle men!“

Bu sözleri diňläp ol batyl bende
Diýipdir: „Aýdaýyn ýeri gelende.

Diýýänleriň bary bikär ýaňrama
Ýa ters düşünjeli gury samrama.

Aňýan menem herki zadyň ýagdaýyn,
Ugrunda bar bolsa ýaňky aýdanyň,

Gözlüler aňalyp oturmazdylar,
Men ýaly batyla ýetirmezdiler.

Sende akyl nire, görk-görmek nire?
Sataşyp sermenip oturan köre,

Bahanalap hiç zat görmeýänimi,
Oýnajak bolýarsyň heleý jan, meni.

Bu sözleň durşuna hiledir, aldyr,
Bil sen, kör hasasyn bir gezek aldyr…“
10
105
gyrlyew
5 Sentýabr 2022
ylham gowmy agam
Papatya
14 Awgust 2022
Hehhe
ideallider
8 Awgust 2022
Belki batyl oýnalansyrap "Sen meniň perwerdigärim" diýenliginde, dogry, aýalynyň daş-sypaty üýtgemezdiweli, içi m-üýtgärdimikä!?😌👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.