Ovezova_
08.08.2022 00:27
Ýakymly ýatlamalar...

Milli sungatymyzyň Hakdan berlen zehinleri sanardan kän.Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, döwlet hem halkara derejesindäki bäsleşikleriň birnäçe gezek ýeňijisi, ussat aýdymçy Atabaý Çarygulyýewem şolaryň biri. Ol özüniň gysga ömründe öçmejek ýol goýdy. Muňa onuň ýoluny dowam etdirip, özleri halypalyga ýeten şägirtleriniň aýdym-saz çykyşlaryndanam göz ýetirip bolýar. Munuň üçin teleradio ýaýlymlarda berilýän aýdym-sazly gepleşikleridir konsertleri diňläýmeli. Aýdymyň sazy başlandan ýerine ýetirijiniň haýsy halypanyň ýolundan aýtjakdygyny bilip bolýar. Bu ýagdaý Atabaý Çarygulyew babatda-da şeýle. Onuň ýolundan aýdym aýdýanlar bir ýa iki däl. Şonda eýýäm aýdymyň sazy başlandan, Atabaý bagşynyň özboluşly täsin bokurdak gaýnawlary bilen sazlaşykly hereketdäki sahna ussatlygy göz öňüňde janlanyp, bagşynyň özi sahna çykaýjak ýaly ünsüňi egleýär. Şol wagtam ýaýlymda onuň şägirtleri peýda bolýar. Şonda: «Tüweleme, ýaş zehinlerimizem-ä az däl welin, ýöne, Atabaýyň özi bolup bolanok-da…» diýeniňi duýman galýaň. Sebäbi ussatlar gaýtalap bolmajak zehinler. Olaryň durmuş hem zähmet ýollaryny öwrenmek bolsa, diýseň gyzykly.
9
57
wolf
8 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
Relax
8 Awgust 2022
Aýdymçy bolanlygy agtyk cowlugynada yeter prosta talanty miras bolup galdy)
ArslanYazly
8 Awgust 2022
Hakyky aýdymçy ine! 👍👍👍👍
Ovezova_
8 Awgust 2022
Dowamy bar....postda ýazmak yadymdan cykypdyr...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.