Belki ol söýüp bilenem däldir....
Ýöne meniň söýgüm çyndandy-çyndan.
Söýgi gurşap aldy bütin bedeni,
Duýgular aklyma gurupdy zyndan.
Belki ol söýüp bilenem däldir ...
Men bolsa diýipdim ilkinji yşgym.
Görk beren ýalydy göýä tebigat,
Daňyň şapagyndan synlardym keşbin.
Belki ol söýüp bilenem däldir ...
Emma söýgüme-de galmagyn haýran.
Bolup bilseň ilhöwes bir maşgala...
Onsoň mende-de hiç, galmazam arman.
Belki ol söýüp bilenem däldir....
Şonuň üçin kalba bitipdi tiken.
...Wah, indi bir zady bilýärin anyk.
Ýeke söýýänlere kyn düşjek eken....
Ylham GURBANALYÝEW