Jynlar hakynda...👻
Jynlar hakynda «Jyn» sözi – örtülgi, ýapyk, gizlin manylary berýär. Bu sözden döreýän ençeme söz bar. Olaryň käbirleri: Jenan – gije diýmekdir. Gije garaňkylygy bilen ähli zady örtýändigi üçin bu at berlipdir. «Garaňky düşende (Ibrahim) bir ýyldyz gördi», (En‘am, 76). Bu aýatdaky «jenne» işligi bu manyda ulanylypdyr. Bu sözüň kalp diýen manysy hem bardyr. Ençeme manylar onda, ol bolsa bedende gizlenendigi üçin kalba hem jenan diýlipdir. Jenan – ynsany örten eşik, gizlin edilen iş manylaryny hem berýär. Jenen – gabyr, kepen manysyny berýär. Ölini örtýändikleri üçin bu at berlipdir.
Galkan, örtgi, jennet, mejnun sözleri hem «jyn» sözünden dörän sözlerdir. Jynlaryň ýaradylyş maksady we aýratynlyklary Bir maksat bilen ýaradylan jyn we ynsan barada Kurany Kerimiň ençeme aýatynda giňişleýin düşündirilýär. Meselem: «Allah ynsany kerpiç ýaly bişen palçykdan ýaratdy. Jyny-da tüýs, ýagny, tüssesiz we gorsuz otdan ýaratdy», (Rahman, 14-15). Bu aýatdaky tüýs ot manysyny berýän «märiç» we «naryň» nämedigi barada anyk maglumat ýokdur. Ýöne onuň radiasiýa ýa-da, ion, ýa-da antimaddadan emele gelen bir garyndy bolmagy mümkin. Emma jynlar ne fotondyr, ne-de atomlary emele getirýän elektron, proton we neýtron bölejiklerdir. Başga bir aýatda: «Kasam bolsun, biz ynsany palçykdan, jyny bolsa, (ynsandan) has öň zäherli, gowrujy otdan ýaratdyk», (Hijr, 27). Ynsan protein garyndysyndan, jyn bolsa nary semumdan ýaradylandyr.
Naru semum – bedene täsir edýän ot, ýa-da zäherleýän ot diýen manyny berýär. Ýöne munuň nähilidigi biziň üçin näbelli. Belki, jynlar efirden ýaradylan barlyklardyr. Jynam edil ynsan ýaly dogulýar, iýýär, içýär, öýlenýär, köpelýär, ýaşaýar, garraýar, ölýär. Aýal-erkeklik hem olara mahsusdyr. Ymam Şibli olaryň müň ýyl töweregi ýaşaýandygyny belläpdir. Jynlar ýaradylyş taýyndan ynsanyň elinden gelmejek agyr işleri etmäge ukyplydyr. Kuranda Süleýmanyň (a.s.) guşlardan we jynlardan goşunynyň bolandygy, jynlaryň galalar, howuzlar gurandygy, aralarynda jaý ussalarynyň bolandygy we deňziň düýbünden merjen çykarandyklary, şeýle hem, müňlerçe kilometr uzaklykdan Belkysyň tagtyny sähel salymda getirip biljekdikleri habar berilýär, (Enbiýa, 82; Neml, 39; Sebe, 12; Sa’d, 37).
Jyn hem edil ynsan ýaly gulluk üçin ýaradylandyr. Bu babatda Kurany Kerimde Allah Tagala: «Men jyny we ynsany «Maňa gulluk etsin» diýip ýaratdym», (Zariat, 56) diýýär. Jyn hem ynsan ýaly, erk iradeli barlykdyr. Ynsan ýaly namaz okamak, oraza tutmak, zekat bermek, haja gitmek bilen mükellefdir. Olar hem mü’min ýa-da käfir bolup biler. Ýer ýüzünde musulmanlar üstünlik gazanan wagty, jynlar älemine hem göni täsir edýär. Ýagny, musulman jynlar hem üstünlik gazanýar. Ynsana pygamber iberilişi ýaly, jynlara hem pygamber iberilendir. «Eý, jyn we ynsan topary! Içiňizden size aýatlarymy düşündirýän we bu gün (kyýamat, ahyret) bilen duşuşjakdygyňyzy aýdyp, sizi oýarýan ilçiler gelmedimi?!», (Engam, 130).
Ynsan ýaradylmazyndan öň ýer ýüzüniň halifesi jynlardy. Olara öz biri-birinden pygamber iberilendir. Hezreti Adam ýaradylandan soň, jynlar ynsana tabyn edildi. Ynsana iberilen resullar, ýagny, özlerine sahypa we kitap berlen pygamberler, şol bir wagtda jynlaryň hem pygamberidir. Pygamberimiz muňa anyk mysaldyr. Jynlaryň bir topary Nahle diýlen ýerde Pygamberimizden Kuran diňläp musulman bolupdyrlar. Bu waka barada Jyn suresiniň ilkinji aýatlarynda habar berilýär. Pygamberimiz hem: «Maňa jynlardan bir çakylykçy geldi. Onuň bilen gidip, olara Kuran okadym», diýip, gürrüň berýär, (Kurtubi). Şonuň üçin Pygamberimize: «Rasulüs-Sakaleýin», ýagny ynsyň-jynyň Pygamberi diýilýär. Jynlaryň temessüli Jynlar madda älemine degişli nar we märiçden ýaradylan barlyk bolmak bilen birlikde, edil ynsanyňky ýaly ruha eýedir we olaryň aňy bardyr. Olar melekler ýaly temessül edip bilýär. Ynsanyň düýşüne girip, hatda bile ýaşap hem bilýärler.
Jynlar hemişe temessül edip ynsana görnüp bilseler-de, bu olaryň asyl görnüşleri däldir. Olar her bir adama dürli keşpde görnüp bilýärler. Pygamberimiz, sahabeýi kiramdan hezreti Omar, Ebu Hureýre, Ibni Mesud, Ebu Zerr, Muaz b. Jebel we käbir weliler jynlaryň temesülleri bilen görşüpdir. Jynlar ynsan keşbinde temessül edişleri ýaly, dürli janly-jandarlaryň (ýylan, içýan, sygyr, eşek, guş...) şekilinde hem temessül etmek ukybyna eýedir. Hatda hapysa jynlar ynsanyň we haýwanyň içine girip, ganynda aýlanyp, olary azaşdyryp, öz islegine tabyn edip bilýärler.
Pygamberimiz käbir hadyslarynda öýde görlen ýylan we şuňa meňzeşlere ilki üç gezek: «Jyn bolsaň, Allahyň razylygy üçin çyk» diýmegi maslahat berip, eger çykman zyýan berjek bolsa, onuň öldürilmegini emr edipdir, (Müslim, Ymam Mälik «Muwatta»). Käbir hadyslarda jynlar Pygamberimize ýüzlenip: «Ymmatyň her gezek besmele aýdyp, her zadyň üstüni örtüp saklasa, biz olaryň iýjek-içjeklerinden iýip-içmeris» diýip söz beripdirler. Ýöne olaryň biziň iýmitimizden nähili şekilde peýdalanýandygyny bilmeýäris. Belki, howasyndan, ysyndan peýdalanýandyrlar. Başga bir hadysda-da: «Tezek we süňkleri ulanyp istinja kylmaň. Çünki, olar jyn doganlaryňyzyň iýmitleridir» diýilýär.
Jynyň kowumyndan bolan şeýtan hem ynsan keşbine girip biler. Meselem: Bedir söweşinden öň, şeýtan Nejitli garry görnüşinde kureýşleriň ýanyna gelip, olara maslahat beripdir. Şeýle hem, bir gezek Ebu Hureýre olja goraýarka, oljadan aljak bolan şeýtany tutup, soňra ýalbarany üçin dözmän goýberendigi barada aýdylýar. Bu hadysa üç gezek gaýtalananda, şeýtan özüni Resulullahyň ýanyna äkitjek bolan sahaba «Meni goýber, saňa şeýtandan goranmagyň ýoluny öwredeýin» diýýär. Ebu Hureýre: «Nähili ýol, aýt» diýende, ol: «Aýatel Kürsi» diýip jogap berýär. Bu waka Pygamberimize gürrüň berlende ol: «Habis ýalançydyr, emma bu gezek dogrusyny aýdypdyr» diýýär, (Buhary, Müslim). Hapysa ruhuň we jynyň şerinden goranmagyň ýoly Rentgen şöhlesi ynsanyň bedeninden arkaýyn geçýär, käbir şöhle bolsa, maddany eredip, onuň durkuny üýtgedip bilýär. Bu şöhleden has latif bolan şeýtan we jyn ynsanyň gan damarynda arkaýyn aýlanyp, onuň fiziologik gurluşyna göni täsir edýär. Şeýlelikde, olar ynsan bedeninde dürli keseliň döremegine hem sebäpkär bolup bilýär. Meselem: garaguş, şizofreniýa ýaly kesellere bu hapysa ruhlar täsir edýär. Häzirki döwrüň medisinasy şunuň ýaly kesele uçranlara çäre tapyp bilmeýär. Ýöne olaryň doga bilen bejerilenleri sanardan köpdür. Hapysa ruhuň we jynyň şerinden goranmak üçin şu zatlara üns berilmeli.
1. Yslamyň kada-kanunlaryny doly berjaý etmek.
2. Hemişe agzy dogaly gezip, şeýle kesellere uçradyp biljek ýagdaýdan daş durmak.
3. Arassa, salyh kişileriň doga-dilegini almak.
4. Dine ynanýan psihiatr wraçyň gözegçiliginde bolmak.
5. Allaha sygynylmalydyr. Kurany Kerimde: «Saňa şeýtandan bir was-was geljek bolsa, derrew Allaha sygyn», (Fussilet, 36) diýilýär. Ýagny, «E’uzübillähimineşşeýtanirrajim» diýmelidir. Şeýle hem, şu dogalary okamak maslahat berilýär: a) Mü’minun suresiniň 97-98-nji aýatlaryny, Aýatel Kürsüni, Muawwizeteýn (Felak we Nas) surelerini okamak. Hezreti Äşäniň gürrüň bermegine görä, Pygamberimiz ertir-agşam üç gezek Felak we Nas surelerini okap, owujynyň içine üfläp, her gezeginde bedenine sürter eken. b) Pygamberimiz ertir-agşam üç gezek: «Bismillähillezi läýazurru me’a-ismihi şeý’ün fil-arzy welä fissemä-i wehuwes-Semi’ul-Aliým» (Ebu Dawud, Tirmizi) diýer eken. w) «E’uzü bi-kelimätillähit-ta:mmeti min kulli şeýtanin we ha:mmetin we min kulli aýnin we la:mmetin» (Buhary) diýmek maslahat berilýän we tejribeden geçen dogalardyr. Ymamy Gazaly bu meselede: Bir gezek «Bismillähirrahmanirrahim», on gezek «Allahu Ekber», on dokuz gezek «Läýuflihus-sahiru haýsu eta» we «Min şerrin-neffäsäti fil ukad» (Taha, 69; Felak, 4) okamagy maslahat berýär. ( ylmyhal)