Gelinlik
Başyňdan geçirdiň bir kem otuzy,
Ýoldaşlaryň ata boldy bir eýýäm.
Sen bolsa şol gyzy-şol ajap gyzy,
Soňsuz söýgi bilen henizem söýýäň.
Seniň gelinligiň üýtgeşik bir zat,
Meňzemeýär bu görünýän gyzlara.
Gözellikde ýeke özi taý gelýär,
Aşyk-magşuklara-selbinýazlara.
Alym bilen alym ýaly gepleşýär,
Alym diýýär kesesinden syn eden.
Şahyr bilen şahyr ýaly gepleşýär,
Şahyr diýýär kesesinden syn eden.
Käte seniň bilen pikir alyşýar,
Atomdan, kosmosdan, medisinadan.
Saňa akyl berýär, saňa öwredýär,
Okuwda, durmuşda garaz her işde.
Asyl oňa gyz diýmegem dürüs däl,
Gökden inen perişde-le, perişde...
Ýöne bir azajyk kemter ýeri bar:
Entek şol gelinlik inenok dünýä.
Haçan injegini bilenok hiç kim,
Belki, inen bolsa ony kim bilýär.
Belki, aramyzda ýaşap ýörendir,
Söýýändir, duýýandyr, göreşýändir ol.
Seniň oňa gezişiň dek garaşyp,
Seniň söz gatanňa garaşýandyr ol.
Halyl.Kulyýew