Meningit näme?
Meningit beýnini we oňurga ýiligini gurşap alýan meninges diýilýän membrananyň iriñleme keseli. Keseliň iň köp ýaýran alamatlary gyzzyrma, kelle agyry we boýnuň gatamagy. Keseliň dörediji serişdesi wiruslar, bakteriýalar we parazitler bolup biler. Käbir meningit özbaşdak gowlaşjak derejede pes, beýlekileri bolsa ýaşaýşa howply bolup biljek derejede agyr. Meningit bäbeklerde, çagalarda we ýaşlarda has ýygy duş gelýär.
Meningitiň alamatlary nämeler?
Irki meningit alamatlary gribe meñzeş bolup biler. Birnäçe sagadyň ýa-da birnäçe günüň içinde meningitiň esasy alamatlary ýüze çykýar. Meningitiň esasy alamatlary:
Kellagyry,
Gusmak,
Gyzzyrma,
Boýnuň gatamagy,
Uklamaga meýillilik,
Ünsüňi jemlemekde kynçylyk,
Meningokokk meningitinde deriniň dökülmegi.
Ýañy doglan bäbeklerde meningitiň alamatlary:
Gyzzyrma,
Yzygiderli aglamak,
Hereketiň haýallygy,
Uklamaga meýillilik,
Iýmitlenip bilmezlik,
Fonticulusda gabaryklyk,
Çaganyň bedeninde ýa-da boýnunda gatama.
Meningitiň sebäpleri:
Iň ýaýran sebäp wiruslardyr. Soň bolsa bakteriýalar we parazitler hem sebäpleriñ arasynda durýar.
Pnewmokokklar: kiçi çagalarda we ulularda meningitiň iň köp ýaýran sebäbi. Şeýle hem orta gulak ýokançlygyna, sinüzit we pnewmoniýa sebäp bolýar. Sanjym arkaly onuň öňüni alyp bolýar.
Meningokokklar: Meningitiň başga bir umumy sebäbi. Çagalarda-da, ulularda-da meningitiň döremegine sebäp bolýar. Ýokarky dem alyş ýollaryny ýokaşdyrýar, soňra bakteriýalar gan aýlanşygynyñ üsti bilen beýnä ýetýär. Yatakhanalarda, harby kazarmalarda we internatlarda epidemiýa sebäp bolup biler. Sanjym arkaly onuň öňüni alyp bolýar.
Listeria: Bu bakteriýalar pasterizasiýa edilmedik peýnirler, sosiskaly sandwiçler we beýleki iýmitler arkaly ýokaşyp bilýär. Göwreli aýallarda, garrylarda, täze doglan çagalarda we immun ulgamy gowşak adamlarda ýokançlyga sebäp bolýar. Listeria göwrelilik döwründe plasentadan geçýär we çagada ölüm howply ýokançlyga sebäp bolup biler.
Wirus meningit adatça pes depginlidir. Iň ýaýran wiruslary gerpes wirusy, mumps wirus we AIW wirusydyr.
Meningit nädip anyklanýar we bejerilýär?
Ýokarda agzalan alamatlary görkezýän hassalar hassahana ýerleşdirilýär we serebrospinal suwuklyk alynýar. Serebrospinal suwuklyk bil sebitdäki oňurgalaryň arasynda inçe iňňe bilen alynýar. Diagnoz, alnan suwuklygy barlamak arkaly tassyklanýar. Beýnä zeper ýetendigini ýa-da ýetmedigini bilmek üçin kompýuter tomografiýa alyp bolýar. Antibiotikler bakterial meningiti bejermek üçin ulanylýar. Wirusly meningitiň käbiri özbaşdak gowlaşýar, käbirleri bolsa antiwiral bejergini talap edýär.
Meningitiň komplikasiýalary nämeler?
Eştme funksiýasynyñ bozulmagy,
Beýin zeperlenmesi,
Görme funksiýasynyñ bozulmagy,
Ýatkeşligiñ bozulmagy,
Ýöremekde kynçylyk,
Böwrek ýetmezçiligi,
Şok,
Epilepsiýa,
Ölüm.
Meningitiň öňüni almagyň usullary haýsylar?
Elleri ýygy-ýygydan ýuwmak,
sanjymlar,
gigiýeniki düzgünlerine üns bermek,
asgyrañda üsgüreñde agzyňy ýapmak,
göwreli aýallarda bişirilmedik iýmitleri iýmezlik esasy öňüni alyş usullarydyr.
Haçan lukmana gitmeli?
Eger sizde ýa-da maşgala agzalarynda aşakdaky alamatlar bar bolsa, derrew lukmana ýüz tutuň:
gyzzyrma,
kelle agyry,
gusmak,
baş aýlanma,
boýnuň gatamagy.
Antibiotikleri anyklamak we bejergä başlamak gijikdirilse, bakterial meningit ölüme sebäp bolup biler. Beýnide hemişelik zeperlenmegiñ ýokary ähtimallygy bar. Meningokokk meningitinde näsag bilen gatnaşyga girenleriň hemmesi üçin öňüni alyş dermanlaryna başlamalydyr.