Ýatlamalar
Orta ýaşyň ýatlamalary hiç haçan çagalyk döwrüniň ýatlamalary ýaly ýatda galyjy däldir. (Žan-Žak Russo)
* * *
Pursatlar ötegçi bolup biler, ýöne ýatlamalar ebedilikdir. (Bad Maýer)
* * *
Yzda galanlarymyzyň hakydalarynda ýaşamak – ölmezlik diýmekdir. (Žozef Kempbell)
* * *
Maňa ýatlamagyň däl-de, unutmagyň sungatyny öwret. Sebäbi ýatlasym gelmeýänleri ýatlaýaryn, emma unudasym gelýänleri welin unudyp bilemok. (Femistokl)
* * *
Köne ýatlamalarymyz täze umytlarymyz bolmalydyr. (Arsen Usse)
* * *
Durmuşda iň beýik, iň güýçli we iň esasy arkadaýanjymyz ene-atamyzyň öýünden galan ýatlamalarymyzdyr. (Dostoýewskiý)