Ene
...Ýatyrdy.
Ol rahat.
Ýumup gözüni...
Görmejek bolýan dek, gözde ýaşymy...
...Bir alada bar ýalydy ýüzünde,
Ünji bilen çytýan ýaly gaşyny…
Ölümine…
Özi günäkär ýaly,
Käbäm, öz-özünden görýändir gaty—
Ömründe bir ýola,
Ýekeje ýola,
Çekdireni üçin maňa hasraty…
“Oglum!” diýip…
Mydam gara gündedi—
Ýetişiksiz, haçan görseň ýekelli…
…Eneler!
Bu baky Ýeriň ýüzünde,
Bir gysgajyk baýramçylyk ekeni…