Poet
07.08.2022 00:05
Ýürek sagady.

Diňle!
Onuň sesi ýöne-möne däl,
Ol bar sagatlardan başgarak güýçli.
Ol saňa şeýle bir duýgyny berýär,
Başgarak häsiýetli, başgarak tüýsli.

Diň sal
Sessizlikde batly urşuna,
Bir zatlary diýýär her bir minudy.
Belki, ýanýandyr ol bolup durşuna,
Belki, bir zatlardan bardyr umydy.

Gör,
Niçe arzuwny edipsiň yrýa,
Indi galmandyr hiç sabyr-takady.
Diňle, seniň kalbyň nämüçin urýa!
Diňle, näme diýýär ýürek sagady!
12
110
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.