alisherxon
06.08.2022 16:48
''Öwrenmeli'' žurnaly

1-nji sahypa: ''Täzelikler''
1.Niderlandlar patyşalygynda diňe tebigata zýan bermän, peýdasam degýän ýagny, kömürturşy gazyny özüne çekýän täze awtoulag döredildi.
2. Türkmen film bileleşigi tarapyndan döredilen ''Gyzyl kürte'' filmi Türkiýede görkezilýär. Bu hem Türkmenistanymyzyň abraýy.

2-nji sahypa: ''Bilýärdiňizmi?!''
1.Hytaýda suwda gark bolup gidýän adamy halas etmek gadagan ekeni. Sebäbi biriniň durmuşyna aralaşmana haky ýok eken.
2.Maroko soltany Ysmaýyl 31 ýaşynda 867 çagaly bolupdyr. Olaryň 525-i oglan, 342-si gyz eken.

3-nji sahypa: ''Gülmäne geliň!''
Koronawirus gidipdiiiir, örtük dakmany gadagan edipdirler... okuwlaram öňküsi ýaly bolupdyyyyrrr... diýip eşitseňiz maňa-da aýdyň!
Kime degişme ýaramadyk bolsa bolsa, bu ýyl size aýazbaba sowgat bermez!
Hormat bilen: Aýazbabaň aýaly AÝAZMAMA!

4-nji sahypa: '' Şygryýet"
Bentler

Özümi aldaýan sadaja gülüp,
Hemmesine ynanýaneý men sada...
Süýji ýalanlarmy hakykat bilip
Göwün ynjar, aklym ýetişmez dada.
........
Düýn "nänne... umma" diýp ýören çagadyk,
Bu gün şolaň nan, suwdygny bildik biz.
Garaňky gündizde sessiz agladyk,
Ak gijede aglanmyza güldük biz.
Aly Şirhan
"Şuny birje okap görüň, mugallym" goşgular ýygyndymdan alnan (ähli hukuklary goralan)

5-nji sahypa: ''Eserden parça''
'' Mugallym kim? Aslynda mugallym - bu öwrediji däl, ol ýöne ylhamlandyrmak arkaly talybyň içki zehinini ýüze çykaryjy şahs''.
Paulo Koelo ''Portobello jadygöýi'' romanyndan.

6-njy sahypa: ''Gyzykly sorag''
Orta asyrlarda talaňçylyk bilen meşgullanan uly kapitalistler atlaryna sygyryň aýagynyň astyna meňzeş edilip ýasalan nal kakdyrypdyrlar. Sorag, näme üçin?

7-nji sahypa: ''Proza''
'' Kim güýçli? '' tymsal
(gysgaldylyp alyndy )
Bir daýhanyň ogly bar eken. Şeýle gün gelipdir, şol ogly okuwa girip okuwyny tamamlapdyr. Wagtyň geçmegi bilen gowy işde ýerleşip, soňra özüniň kärhanasyny açypdyr.
Bir güni kakasy başlyk oglunyň ýanyna gelende, onuň kabinetine girip ol bilen görüşipdir. Soňra kakasy oglunyň egnine elini goýup:
- Oglum, aramyzda kim güýçli? - diýip sorapdyr. Ogly hem monça bolup:
- Men güýçli, kaka! - diýipdir. Kakasynyň muňa gahary gelip gapydan çykyp barýan wagty ýene bir gezek şu soragy beripdir. Bu sapar bolsa ogly '' siz güýçli diýip jogap beripdir. Kakasy:
- Oglum, ýaňy men güýçli diýip durdyňa - diýende ogly:
- Kaka ol wagt seň eliň meniň egnimde durdy. Men sen bilen güýçli! - diýip jagap gaýtarypdyr.

8-nji sahypa: ''Size sorag!''
Baýram Gurbanow ýada Çary Aşyrow, haýsysy uly?

9-njy sahypa: ''Şahsyýetiňiz hakda soraglar''
Fentezi, fantastika, realizm, romantizm. Ýokardaky her žanra degişli gowy görýän ýazyjyňyz kim?

10-njy sahypa: ''Maslahatym: ''
Iňlis ýazyjysy Joanna Ketlin Rowliňiň '' Harri Potter '' romanlar ýygyndysyny okap görüň. Filminem görseňiz gaty gowy. Wagtyňyza gynanmarsyňyz!

( Käbir sahypalar internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy ). Haýsy sahypa degişli teswir ýazjak bolsaňyz, öňünden sahypa belgisini ýazyp soňra ýazyň. Iň möhümi, üns berip okanyňyz üçin sag boluň!!!
11
119
alisherxon
6 Awgust 2022
Indi eşitdiň 😂😂🤣

Hany soraglara jogap ýazyň! Dert edip bir sagtlap ýazdym birtopar ýaltalar köp görüp okabam göreni ýok. Men bolsa sada hemmäňkini okap teswir ýazýan. Uly uly moanaň hekaýa makalalarynam okaýan.
Gulyusa
6 Awgust 2022
Milaya_🌺,sony aydayñ

Degisme gulkili eken😄😄 esitseniz mana aydayñ hays.yone ayazbaba ynanmayan ayazmama diyibem esitmadirin oñ😂😂
perizadym
6 Awgust 2022
Gark bolup baryany halas etmek durmuşyna aralaşdygyñ !? Nahili zalym duzgun😧
Myhman Myhman
6 Awgust 2022
Bayram Gurbanow kim🤔

Romantizm Gurbannazar Ezizow Kerim Gurbannepesow
alisherxon
6 Awgust 2022
Guli_ şony aýdaýyň😐
guli_
6 Awgust 2022
So hytay yaly bolsadyda hemmekisin durmusyna gepine aralasmagyň gadagandygy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.