ArslanYazly
06.08.2022 13:44
Mesele çagalar bolanda, ene-atalar çaganyñ saglygy barada has duýgur bolýarlar. Şeýlelikde, halk arasynda ýalñyş düşünjeleriñ biri bolan çagalyk döwründe agyz bolşlugynda bar bolan süýt dişleriniň ähmiýetsizdigi, ahyr soñy gaçyp gitjekdigi we netijede çüýrän süýt dişlerine üns bermezlik ýaly ýagdaýlar gynansakda az däl.

Çagalykda, esasanam süýji önümleri köp sarp etmegiň endik ýagdaýyna öwrülmegi bilen süýt dişleri aňsatlyk bilen çüýräp biler. Bu ýagdaý umumy saglyga-da, süýt dişleriniň ýerine geljek hemişelik dişleriň ýerleşmegindede uly kynçylyklar döredýär. Käwagt süýt dişlerdäki çuň infeksiýalar, süýt dişleriň aşagyndaky hemişelik dişlere hem hemişelik zeper ýetirip biler.

Çaga dünýä inenden takmynan 6 aý soň, ilkinji süýt dişleri agyz boşlugynda peýda bolup başlaýar. Bu ýagdaý süýt dişleriniň agyz boşlugynda tertipli ýagdaýda çykmagy bilen dowam edýär. Takmynan, 4 ýaşynda agyz boşlugynda süýt dişleri çykyp bolýar. 6 ýaşyndan başlap, agyz boşlugynda hemişelik dişler çykyp başlaýar. Bu wagtda süýt dişleriň we hemişelik dişleriň agyz boşlugynda garyşyk ýagdaýda ýerleşmegi sebäpli, oňa garyşyk diş döwri hem diýilýär.

Bu prosesiň dowamynda millimetriki hasap bilen, süýt dişleri wagty gelende gaçýar we aşagyndan gelýän hemişelik dişler ýuwaş-ýuwaşdan ýerini alýar. Haçan-da haýsydyr bir süýt diş wagtyndan öň çüýrese ýa-da progressiw karies sebäpli zerur sogrulmaly bolan ýagdaýda bu deňagramlyklar düýbünden bozulýar we aşakdan gelýän hemişelik dişler öz ýerlerine dogry ýerleşip bilmeýär.

Agyz boşlugynda ilkinji gezek görlen pursatyndan başlap, süýt dişlerini bejermek gaty ünsli we takyk ýerine ýetirilmelidir we olary gereksiz ýagdaýda wagtyndan öñ sogurmaly däldir. Olary tebigy ýolundan düşýänçä agyz boşlugynda saklamaly. Wagtyndan öň ýitirilen ýagdaýynda, diş-äñ nädogrulyklary emele gelip bilýär we käbir ýagdaýlarda ortodontiki bejergiler hem zerur bolup durýar. Süýt diş wagtyndan öň ýitirilende, şol töwerekdäki beýleki dişler tizlik bilen ýitirlen dişiň boşlugyna hereket edýärler. Bu ýagdaýda şol giňişlige ýerleşmeli hemişelik dişiñ ýeri ogurlanýar we şol diş ters ýagdaýda ýerleşýär ýa-da eňegiñ içinde gömük ýagdaýda durýar.

Seýrek ýagdaýlarda süýt dişleri yzyndan gelýän hemişelik dişler tarapyndan gaçyrlyp bilinmeýär we diş lukmanlary tarapyndan şol süýt dişleri aýrylmaly bolýar. Bu kynçylykly ýagdaýlaryň hemmesini öz wagtynda tapyp bolýar we çözgütler döredip bolýar. Şol sebäpli çagalar agzynda süýt dişleriniň döremeginden başlap, ýygy-ýygydan diş lukmanynyň gözegçiliginden geçmeli. Irki döwürde gaty ýönekeý bejergiler bilen düzedip boljak meseleler uzak möhletde gaty möhüm anomaliýalara sebäp bolar we bejerilmedik ýagdaýlarda uzak we kynçylykly bejergileri talap edýän ýagdaýlary döredýär. Elbetde, edilmeli iň möhüm zat, çagalara çagalygyndan maşgala tarapyndan gaty gowy arassaçylyk terbiýesini bermek we bu endigi gazanmakdyr. Çaganyň el endikleri ösýänçä, çaganyñ dişini ýuwmak ene-atalar tarapyndan edilmeli we bu meselede çagany höweslendirmeli. Agyz gigiýenasy oňat derejede saklanylsa, süýt dişlerinde we hemişelik dişlerde hiç hili karies ýüze çykmaz we bu meseleleriň ilkibaşdan öňi alynar. Çagalykda gazanylan dişleri ýuwmak endigi, ömrüň dowamynda dişleriň sagdyn ýagdaýda bolmagy üçin edilmeli ilkinji we iň möhüm zatlaryñ biridigini unutmaly däldir!
19
242
ArslanYazly
7 Awgust 2022
Dusia,😁😁😁
Dusia
7 Awgust 2022
ArslanYazly,ýioo hiç zat 😁
ArslanYazly
6 Awgust 2022
Dusia,näme näme? 🤨🤨🤨
Dusia
6 Awgust 2022
Ýykdyňaý hany şo sataşmaga höwesli stomotolog çyk orta 😠 😋😁😅
ArslanYazly
6 Awgust 2022
Myhman Myhman,👍👍👍
Ovezova_
6 Awgust 2022
ArslanYazly,bilyanlay😁
ArslanYazly
6 Awgust 2022
Ovezova_,haha, degişýänlaý. Ýakara zat ýok! Maksatlarymyzyñ biri hem öwrenmek!!!
Ovezova_
6 Awgust 2022
ArslanYazly,bilemogay
ArslanYazly
6 Awgust 2022
Ovezova_,sagbol sagbol!

Ovezova_,bilemýokdeý kim ýakarka!?
Ovezova_
6 Awgust 2022
ArslanYazly,mana ikinizinem pikiriniz okamak gyzykly bolar😌

ArslanYazly,kim yakmaly😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.