ylham_gurbanaly
06.08.2022 12:28
Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Ýolumy saklamaz böwediň birem

Sapa Hommadow

*****
Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Saklap bilmez duýgularyň birisäm
Gidenimden ölýän bolsa, goý ölsin!
Hassa ýatan arzuwlarmyň dirisäm

Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Ýalan gurşan dünýäňi-de terkedip
Onsuzam irdim men. (degnama degdi)
Boşdan-boşa umytlary tirkedip

Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Saklama sen, saklama sen birjigem
Saňa bolan päkliklermiň barysy,
Päk söýgümem,
mundan beýläk kirjiger

Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Seniň üçin gül ömrümi öçürmen
Zibilhana atjak düýnki söýgünem,
Peýda bolmaz indi köne-küşülden


Ylham GURBANALYÝEW
13
130
ylham_gurbanaly
8 Awgust 2022
garlawaç, belki)
BaýramBejidow
7 Awgust 2022
YGurbanaly23, işlerem gowy Hudaýa şükir!
ylham_gurbanaly
6 Awgust 2022
garlawaç, adyňyz ýalymy:)

BaýramBejidow, aha onda bolýa. Işler nähili?
BaýramBejidow
6 Awgust 2022
YGurbanaly23, we aleykum essalam Alla şükür gowy menem
ylham_gurbanaly
6 Awgust 2022
BaýramBejidow, Salawmaleýkim. Ýagşy, özüň gowmy?)

Gülşat Ataýewa, minnetdar!)
gulshatayewa97
6 Awgust 2022
Gowy ýazypsyň👏👏👏🌹
BaýramBejidow
6 Awgust 2022
YGurbanaly23, primerna näçe kilometr barka Dašogyzdan)))( şutka) eýgilikmi inim jan saglyk gowmy?
ylham_gurbanaly
6 Awgust 2022
BaýramBejidow, barsagelmeze)
BaýramBejidow
6 Awgust 2022
Daşa gidýäñmi dost?

🙄🙄🙄🙄🙄🙄🙄🙄🙄
Gülhan
6 Awgust 2022
😔😔😔👍..
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.