Mynasyp ýaşaly
Dereje däl—owadanlyk,
Syratlylyk—mertebe däl.
Ýaşamak kyn gowy bolup,
Ýaman bolmak müşgilmi nä?
Kyn hem däldir hilegärlik,
Asla, agyr—aňy sada.
Binamyslyk hem bikärlik,
Bilýän, aňsadyň-aňsady.
Ýagşy däl, göriplik etseň,
Zehine, söýgä, yhlasa.
Neçün ile gözüm gitsin,
Bar mende bulaň barysy.
Ýüregiň ýuka bolandan,
Aňsat, ýüzüň galyň bolsa.
Kim diýýär “Ýüz dost alandan,
Gowy, ýüzläp puluň bolsa!”
Ynan, bolmak kyn ynsaply,
Bolmak çetin, hatyraly.
Uzak ýaşar—seresaply,
Töwekgel bolmak hatarly...
Edenlä hem höwes etme,
Amatly—bolmak mysapyr.
...Ýöne, erbet däl, elbetde,
Ýaşasaň, munda mynasyp!
.............Annamuhammet Kirşen..............