ylham_1989
05.08.2022 14:32

Iki sowal

Dana: «Iki sowalymyz bar, sorasak bolarmy?» diýipdirler. Dana: «Soraň» diýipdir. Birinji sowaly sorapdyrlar:

– Adamlaryň haýsy hereketi sizi has köp geň galdyrýar?

Dana:

– Hemme hereketi – diýip jogap beripdir-de, sanap ugrapdyr:

– Çagalyk adamlaryň ýüregine düşýär. Olar çaltrak ulalmak isleýär. Emma ulalansoňlaram çagalyga dolanyp bolsady diýip ahmyr edýärler.

Adamlar pul gazanjak bolup saglygyny ýitirýärler. Soňundan bolsa saglygyny dikeltjek bolup, bar gazananjasyny harçlaýarlar.

Adamlar ertiri alada edip şugün ýatdan çykarýarlar. Şonuň üçin hem ne şugüniň, ne-de ertiriň hözirini görüp bilýärler.

Adamlar özlerini ölmejek ýaly alyp barýarlar. Emma welin hiç hili ýaşamadyk ýaly bolubam ölüp gidýärler.

Onsoň, ikinji sowal soralypdyr:

– Ýeri siz adamlara näme maslahat berýärsiňiz?

Dana eglenmän jogap beripdir:

– Hiç kime özüňizi söýdürjek bolmaň. Siziň etmeli ýekeje zadyňyz bar, sizi söýjeklere söýmäge ýol beriň, boldy.

Ikinjiden, durmuşda köp zada eýe bolmak esasy baýlyk däldir. Esasy baýlyk juda az zada mätäçlik çekmekdir.
18
154
Myhman Myhman
6 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
Lilia_
6 Awgust 2022
Gowy postlar paýlaşýaň👏👏👏👏👏
wolf
5 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
perizadym
5 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
5 Awgust 2022
👍👍👍👍....
ylham_1989
5 Awgust 2022
IDEALLIDER,Runia,Papatya,Gulyusa,👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Gulyusa
5 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍
Papatya
5 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
RuníA
5 Awgust 2022
Örän dogry. Stiw Djobs-yň aýdan bir motivation sözlemi bardy. Saglygyňyz eliňizdekä iýmiti derman edinip iýmeseňiz, bir gün geler dermany iýmit edinip iýersiňiz! (Biziň dilimizde kän owadan sözlem bolmady ýone shondada terjimesi şo.)
ideallider
5 Awgust 2022
"Özüňi söýdürjek bolmaň" käbirler ýaşlyk edip, söýgüniň gadryny bilenoklar, ýada söýgi barada hiçzat bilenoklar. Menem alymdäl, şondada nämede bolsa "Söýginiň bir şahajygynyň sylag-hormatdygyny" bilýärin. Ýada söýgide meslik edip, ählizady taşlaýarlar. Onda biz ählizady düşündirip, öwredip özümizi söýdürjek bolmaly, olar aklyna aýlanarýaly. Ýogsa tas-hemmeler "Söýgüniň ýene bir şahajygynyň wepalylykdygyny" bilmän durmuş bulaýarlar. Ine nämçün biz özümizi söýdürjek bolmaly!!!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.