Poet
05.08.2022 13:57
Gül
(Sonetler çemeni)

1.
Ýaz geler, ýene-de açylar güller,
Güllerden paýyňy alarsyň senem.
Saýla, şu güllerden isläniň saýla!:
Bagülmi, Akgülmi ýa-da Gülsenem?

Men şol pursat seni, saýlapdym seni.
Sen köňlüme şöhle saçdyň Aý ýaly,
Meniň gijelermi ýagtyltdyň şonda.
Sen meniň gijämiň, köňlümiň Aýy.

Gelipdiň baharyň sebäbi bolup,
Ýazyň gujagynda bolduň maňa ýar.
Men elmydam seni deňärin ýaza,
Sebäp ak keşbiňe ýazlar ýaraşýar.

Bahar geler, pasyllaryň seresi,
Joş alar tolkunlap yşkyň çeşmesi.

2.
Joş alar tolkunlap yşkyň çeşmesi,
Joş urar ummanda ýaýnaýan suwlar.
Seniň gözelligňi gören bu umman,
Neneň tolkun atman, joş alman durar?!

Ynha, bag astynda garaşýan wagtym,
Seň gelerňi hyýal edip oýumda,
Diýdim öz-özüme: "Geler meň bagtym,
Göwünleň tapyşýan bahar aýynda!"

Geldiň. Didelermiz sözleşdi pynhan,
Gysdy bir-biregi ýakymly eller.
Baglar hellewleşdi näzik pyşyrdap,
Saýrady bilbiller, açyldy güller.

Bagyň saýasynda duşar göwünler.
Göýä has owadan geçýär ýaz günler.

3.
Göýä has owadan geçýär ýaz günler,
Gözler bu äleme gülüp bakanda.
Goý, näme diýseler şony diýsinler,
Seniň umman gözleriňe bakamda!

Säher-säher oýananda tebigat,
Edil seniň gözleriňi ýatladýar.
Ýa-ha säherlerde bar ýaly gudrat,
Ýa-da seniň gözleriňde gudrat bar!

Ýazyň säherleri zemini çoýup,
Tebigata gözel keşdesin çekýär.
Men seni ýazdanam has gözel saýyp,
Ozal çekilmedik suratyň çekýän.

Owadandyr tebigatyň keşdesi.
Ýakymly eşdilýär saýrak guş sesi.

4.
Ýakymly eşdilýär saýrak guş sesi,
Guşlar jürküldeşip saz çalýar bu gün.
Bu şadyýan owaz - ýürek eýesi.
Şadyýan sazlardan şat bolýar göwün.

Käte-käte ýazda ýaganda ýagyş,
Maňa şat sazlaryň owazy geler.
Ýagyş gözelligni edende bagyş,
Älemgoşar al-asmanda görüner.

Şonda has owadan görýärin seni,
Älemgoşar kimin şatlygyň, gülkiň.
Älemgoşar kimin ýylgyrsaň, belki,
Bagtyňa meýilli edersiň, serwim.

Göwün öz bagtyndan ätiýaç eder:
Ykbal aýralyga duş etse eger...

5.
Ykbal aýralyga duş etse eger,
Zaman bir pursatlyk dymar gidenňe.
Kalbymda şeýle bir ünji döreder,
Diňe yza galar ejiz bedende.

Gitdiň sen... Umydym, arzuwym bilen
Soldy bahardaky gülleriň bary.
Älemgoşar görünmedi asmanda,
Indi ýagyşlaram ýagmajak ýaly.

Gözledim. Men seni uzak gözledim,
Tapdym ýatlamadan ajap gülkiňi.
Göz ýetirdim şonda: aýralyk däl-de,
Seni mydam ýatlap ýörmek - iň kyny.

Guşlaryň owazy, guşlaryň sazy,
Sowular söýginiň ýakymly ýazy.

6.
Sowular söýginiň ýakymly ýazy,
Garaňky otagda ýataryn ýene.
Çuňňur oýa batyp gijäniň ýary,
Giderin gaýgylaň ýok dünýäsine.

Gussasyz dünýäde çykyp garşyňa,
Ruhum seň ruhuňy hasratly guçar.
Elim degip ýaňakdaky ýaşyňa,
Meniňem bir damja gözýaşym gaçar.

Ýene şol otagda açylar gözler,
Hemme zat şol durky, ähli zat sary.
Ol umytly gämi ummana batyp,
Sessizlige çümer yşkyň hyýaly.

Ne gijeler, ne-de gündizler ýeter,
Kämahal ýüregiň gysaýsa beter.

7.
Kämahal ýüregiň gysaýsa beter,
Bilgin, şonda seni salýaryn ýada.
Çünki meniň söýgim ruhuňa deger,
Hem müdimi orun tutar kalbyňda.

Ýöne öz bagtyňy bozmasyn. Bular
Meniň sensizlikden ybarat dünýäm.
Maňa sorag bolup gelen gaýgylar,
Nämäň peýdasyna, indi düşünýän.

Hol gün bir suratyň garşyma çykdy,
Açamda geçmişiň gadym sandygyn.
Şonda seniň humaý gözlerňe garap,
Diýipdim pyşyrdap: "Ýeter barlygyň"

Şeýdip, ýatlamada ýat edip ýary,
Ýada düşer söýgiň, gijäniň Aýy.

8.
Ýada düşer söýgiň, gijäniň Aýy,
Agşamy asmana gönenip, garap.
Ynha, ösýär gijäň çigrek şemaly,
Hanha, ýyldyzlaram dur ýylgyrjyrap.

Men bolsa ýaplanyp ýatyryn, ine,
Gözlem ýyldyzlarda keşbiňi görýär.
Soň bulutlar gelip pessaýlyk bile,
Gijeki asmanyň perdesin örtýär.

Gör, asmanam bize perdesin ýapdy,
Indi seniň keşbiň görmesem gerek.
Emma nämüçindir kämahal, birden,
Näçe ynjasa-da sen diýýär ýürek.

Ýürek syzlasa-da urar gursakda,
Hasrat, gaýgy, gussa, ünji bolsa-da.

9.
Hasrat, gaýgy, gussa, ünji bolsa-da,
Kalbym ýene diýer "Diňe sen, sen gyz!"
Sen öran uzakda, daşda bolsaňda,
Meniň asmanymdan gitmersiň hergiz.

Şonuň üçin indi etmegin gaýgy,
Açmagyn söýginiň köne gatyny.
Megerem, çyn söygi, hakyky söýgi -
Söýmeklikdir seniň tebigatyňy.

Senden soň bakmadım mawy asmana.
Görüp gülzarlygyň gözel gülüni,
Göwün berdim sähralaryň ysyna.
Söýdüm tebigatyň gözelligini.

Saklaryn sarpaňy, mukaddes söygi,
Şatlanaryn söýgim, ýat edip seni.

10.
Şatlanaryn söýgim, ýat edip seni,
Gözlesem ýoluňy, gitsem her ýana.
Bilmen, duşarynmy baharyň güni,
Ýollarda, ýodada indi sen ýara.

Agşam ümsümligi, ümsüm ýodada,
Agşamdan, şäherden seni soraýan.
Ne bir jogap alýan, ne bir ses-seda,
Ümsüm ýodalardan sebäpsiz barýan.

Tukat görnüşinde ýollaň tümlügi,
Maňa sen hakynda gür berýär doly.
Ýöne hiç bilenok edýärmiň ünji,
Bilenok sen ýaryň neneňsi haly.

Bu gün howaň ýüzi şeýle arassa,
Ýitirsem özümi çäksiz gussada.

11.
Ýitirsem özümi çäksiz gussada,
Gitsem çuňlugyna tereň suwlaryň,
Bogsa-da, boýnumy mäkäm gyssada,
Gark etmez özüne meniň syrlarym.

Saňa beýan edilmedik duýgylar -
Syrlar adasynyň iň beýik dagy.
Men şol dagdan üstün çykyp bilmedim,
Ýeňmedim has çylşyrymly ykbaly.

Çykanda garşyma ümmülmez gaýa,
Saňa barýan ýollar ýapyldy birden.
Göterdim, başymy etdim men pida,
Kesdim umydymy asmandan, ýerden.

Şol pursatda saklap meniň elimi,
Seniň söýgiň halas eder ömrümi.

12.
Seniň söýgiň halas eder ömrümi,
Ykbalym gaýadan düşmez peslige.
Ýüregiň iň naçar, iň ejiz güni,
Gulak salyp ýalňyzlygyň sesine.

Seniň söýgiň bilen saýgardym agy,
Seniň söýgiň bilen özgerdi durmuş.
Aýan boldy köp soraglaň jogaby,
Aýan boldy: söýülmeklik - ýaşaýyş.

Bilýän, her bir zadyň sebäbi bolýar.
Söýmese-de ýürek urýandyr, mümkin,
Emma söýýärmi ol, diýmek ýaşaýar,
Ýaşaýandyr diňe söýgüsi üçin.

Eger güller bolsa bahar bezegi,
Seniň söýgiň bar gülleriň gözeli.

13.
Seniň söýgiň bar gülleriň gözeli,
Gözelligni nagş edipdir ýoluma.
Ýöne bu gözlerim gözlemez seni,
Indi islesemde gelmen ýanyňa.

Sebäbi şeýle bir tämiz bu asman,
Görünmez hiç bulutlaryň garasy.
Sa:p päkligi ýada salýar ak duman,
Ähli zatlar şol päkligiň ýarasy.

Başlapdy ähli zat seniň söýgiňden.
Söýgim - durmuşymyň täsin romany.
Onuň sahaplary açyldy giňden,
Hem çykardym, ine, şeýleräk many:

Bägüller, bar güller - nyşany söýgi,
Ähli güller - bu durmuşyň özeni.

14.
Ähli güller - bu durmuşyň özeni,
Ýeke biri däldir onuň manysy.
Iň bolman açylsyn bagtymyň güli,
Degsin demlerime gülleriň ysy.

Ýogsam ýoklugyňda sussupes kalbym,
Onuň bir töründe bir yzasy bar.
Seret, saralypdyr umydym, bagtym,
Ýürek ýoklugyňa edipdir mydar.

Sary sensiz ýürek, sary töwerek.
Bu gün geldim ýene bagyň astyna.
Umytsyz, belki-de iň soňky gezek,
Garaşdym, garaşdym... garaşdym Saňa...

Gamlanma, eý göwnüm, geçer bu günler!
Ýaz geler, ýene-de açylar güller!

MAGISTRAL

Ýaz geler, ýene-de açylar güller,
Joş alar tolkunlap yşkyň çeşmesi.
Göýä has owadan geçýär ýaz günler,
Ýakymly eşdilýär saýrak guş sesi.

Ykbal aýralyga duş etse eger,
Sowular söýginiň ýakymly ýazy.
Kämahal ýüregiň gysaýsa beter,
Ýada düşer söýgiň, gijäniň Aýy.

Hasrat, gaýgy, gussa, ünji bolsa-da,
Şatlanaryn söýgim, ýat edip seni.
Ýitirsem özümi çäksiz gussada,
Seniň söýgiň halas eder ömrümi.

Seniň söýgiň bar gülleriň gözeli,
Ähli güller - bu durmuşyň özeni.



Ýazylan senesi:
(01.09.2020 - 05.11.2020)
16
129
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.