ay_kiz_
05.08.2022 12:44
Durnuklulyk


Bilýäňizmi, bu Zeminde,
Zat barmyka bir durnukly?
…Häzir-ä jogap ýok mende,
Çürt-ke hem gutarnykly…

Şemallar geçýär-de gidýär,
Duşuňdan, bir pursat şuwlap…
Bulutlar göçýär-de gidýär,
Topragy birsellem suwlap…

Islän çagy uçýar guşlar,
Ýat illere, etmän müýni…
Ýene, erteleri buşlap,
Bu günki gün döner düýne…

Baharlar-ýazlar sowulýar,
Solýar gül-gunçalaň bary…
Bu aýak yzlar ýuwulýar,
Ereýär gyşlaryň gary…

Sähel säginmez derýalar,
Akar barar ümdüzine…
Gün dogup, ýaşar bir ýandan,
Geňem däl bu indi, bize…

Kümüşler hem körelişer,
Ýiti gyzyllar öçüşer…
Hakydalar könelişer,
Bu aýlar-ýyllar ötüşer…

“Ötýär!” diýip, gargajak däl,
Ömür—öýlelere rowan.
…Ýeri, neneň garrajak däl,
Munda, etjek bolsaň dowam…

Ene-ata gitdi taşlap,
Ah, bu bir jalşykly dünýä…
Kem-kemden ak düşýär başa,
Egne aladalar münýär…

Ýöne, şükür, sag-gurgunlyk,
Ýaşap yörüs, ýazlap-gyşlap.
…Zat hem ýok eken durnukly,
Zeminde—Watandan başga…
16
81
perizadym
5 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👍
wolf
5 Awgust 2022
Men akylly bolyan ekenimda😎
ylham_1989
5 Awgust 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
guli_
5 Awgust 2022
🤍🤍🤍🤍🤍♥️
Myhman Myhman
5 Awgust 2022
Gowy goşgy eken
gulshatayewa97
5 Awgust 2022
Gowy goşgy eken dogry aýdýa👏
ArslanYazly
5 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.