alisherxon
05.08.2022 12:31
Dileg

Hemmämize bagt getirsin her bir gün!
Her öýde diňmesin şatlyk owazy.
Her günümiz toýlar ulaşsyn toýa,
Hemme bir-birinden bolsun yrazy.

Hemmämize bagt getirsin täze gün!
Täze daňlar bizi atarsyn bagta.
Günüň alyslardan dogmasy ýaly,
Tümlükde galany çykarsyn ýagta.

Hemmämize bagt getirsin täze gün!
Dert bilen uklany oýarsyn derman.
Arzuw hakykata öwrülsin şu gün,
Ak ertire hiç hem geçmesin arman.

Hemmämize bagt getirsin täze gün!
Öwrülmesin howa göz ýaş ýagmyrna.
Günäsiz çekmesin günäň jezasyn,
Günäkär bürensin ýürek ahmyrna.

Hemmämize bagt getirsin täze gün!
Şahyrlaryň ýiti bolsun galamy.
Gowy dileg, süýji arzuwlar bilen,
Batly gelsin her günmiziň gadamy.
Hemmämize bagt getirsin täze gün!..

Aly Şirhan

'' Dünýäni öwürýän şygryma '' goşgular ýygyndymdan ( ähli hukuklary goralan )
11
73
Gulyusa
6 Awgust 2022
😘👍👍👍👍👍....
alisherxon
5 Awgust 2022
Sag boluň aýdanyňyz gelsin😍😍😘
perizadym
5 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👏👏
Dusia
5 Awgust 2022
Hemme zat arassa päk ýüregiň ýaly owadan bolsun!
alisherxon
5 Awgust 2022
Sag boluň
Ovezova_
5 Awgust 2022
👍👍👍👍👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.