barlagcy
04.08.2022 19:08
Soranmyş bir wagt Aý Güne bakyp: .
«Dünýäniň görki nä? Aýdyp bersene!»
Gün hem diýenmişin nuruny döküp:
«Dünýäniň bar görki enedir, ene!»

Soranmyş bir wagt ýel suwa bakyp:
«Dünýäniň berki nä? Aýdyp bersene!»
Suw hem diýenmişin şarlaýyp akyp:
«Dünýäniň bar berki enedir, ene!»

Soranmyş boz gulan bir ata bakyp:
«Dünýäniň örki nä? Aýdyp bersene!»
At hem diýenmişin jülgeler söküp:
«Dünýäniň bar örki enedir, ene!»

Soranmyş bir ene şahyra bakyp:
«Dünýäniň durky nä? Aýdyp bersene!»
Şahyr hem diýenmiş dyzyna çöküp:
«Dünýäniň bar durky ene, sen, ene!»

Gurbandurdy Gurbansähedow
9
67
ideallider
4 Awgust 2022
"Nämçün diňe enem, ejem sen hem iň gowylary, enemem"😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.