Seni meniñ kimin söýen däli tapylmaz,
Maña seniñ kimin läle tapylmaz.
Bütin keselleriñ bir melhemi bar,
Meniñ derdime çäre tapylmaz.
Dar gursagma syganok giñ ýüregim,
Eý, men ýañy gülläp başlan köregim.
Uzak ummanlara ygrar bulutlar,
Ýakyn ýatlamalar dumanly serde.
Gije gözleriñden säher gaçan çyg,
Meniñ gözlerime bolupdyr perde,
Meniñ ýüregime bolupdyr perde.
Gyýma gaşlañ kimin keman tapylmaz,
Bilseñ, söýgim kimin kemal tapylmaz
Seni ömürboýy söýerdim welin,
On sekiz ýaşdaky şemal tapylmaz.
Ýel öwsende başyn daran serwiniñ,
Gyş gelende uzyn saçy tapylmaz.
Ýüregimde peýda bolan söýginiñ,
Öñünde durmaga gaçy tapylmaz.
Aýamda aýlanyp aýlara barar,
Altynlar-kümüşler baýlara barar.
Meniñ ýüregimde saklaýan duýgym,
Mañlaýna ýazylan jaýlara barar.
Puluñ bolsa, degräñ dostdan doludyr,
Ýöne kyn günüñde dost-ýar tapylmaz.
Men seni her pursat söýmäge taýýar,
Maña seniñ kimin hossar tapylmaz.
Jygyllykda guşuñ süýdem tapylar,
Ajy sözde käte süýjem tapylar.
Ýuwaş ummany deý örän ullakan,
Ýüregimde söýgiñ güýjem tapylar.
Maña seniñ kimin läle tapylmaz,
Saña meniñ kimin aşyk tapylmaz.
Wagt geler her zat tapylar welin,
Goýny gülden doly ýaşlyk tapylmaz...