Onuň bilen işlän döwürlerimiz hiç-hili şertiň ýok mahallarydy. Filarmoniýanyň köneje binasynda gyşyň günleri ýylylyksyz, tomsuň günleri sowadyjysyz juda kyn ýagdaýlarda işledik. Häzirki ýaly oňyn şertler ýokdy. Sabonyň döreden aýdymlarynyň köpüsini zehinli aýdymçy Nurýagdy Pejebow ýerine ýetirýär. Sabo meniň üçin gaýtalanmajak zehinleriň biri — diýip ýatlady. Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa bolsa: «Sabo ýaly zehinler indi gaýtalanmaz. Onuň kellesi sazdan ýasalan ýalydy. Onuň bilen häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bile işledik. Maşgala ojagy bilen ýakyn gatnaşykda bolduk. Ol boýy kelteräk , tokgaja ak ýüzli owadan oglandy. Gelni Orazgülüň boýy syratly. Ikisi şeýlebir agzybirdiler, edil goşa gumry ýaly diýdirýärdi. Çagalarynyň terbiýesine haýran galýardym. Ownuk çagalardyr welin, şeýlebir tertiplidi. Sabo bilen toýlara kän giderdik. Haýsy toýa barsak ýaşlar onuň meşhur «Durnalar» aýdymyny ýatlap: «Durnalar» diýip gygyryşardylar. Ol bolsa kalby joşgunlydy. Saz çalanda aýdymyň bir bendiniň özüni näçe görnüş ritm bilen bezäp bilýärdi.Islendik goşgyny berip aýdym döret diýseň döredip bilýärdi. Onuň halk aýdymlary estrada geçirmekde bitiren hyzmatlarynyň özi aýratyn tarypa mynasypdyr» diýip baha berdi. Bir zada haýran galdym. Söhbetdeş bolan sungat wekillerim Sabonyň aýdymlarynyň iň bolmanda ikisine-üçüsine hiňlenip ýatlamalaryny aýdym bilen bezäp gürrüň berdiler. Ol aýdymlar bolsa hakydamyzda ýaşap ýören aýdymlar bolansoň, sözleri sazy biygtyýar ýadyňa düşüp dur. Ýaşlyk döwrümize dolanan ýaly bolduk.
Akgül Saparowa.
Soňy.