Gülhan
03.08.2022 18:30
Bir zatlar gynaýar meniň ýüregmi,
Hiç gelip bilemok belli karara.
Kalbymda lowlaýan düşnüksiz ýalyn,
Aýlaýar ýaş başym biderek ýere.

Kesek bolsa çar tarapdan ýagyp dur,
Ýada bular görünýämi gözüme...
Ah, gardaşym, hopugýaryn gijeler,
Göz ýetirip bilmän özüm-özüme.

Aklym diýýär maňa: - Samsyjak gözel,
Gör ömrüňden hoşal ahyr Aý-günem.
Kaýyl bol-da bu durmuşyň emrine,
Boluşyna görä ýaşaber senem..

Ýürek diýýär: - Bolmasady hyjuwlar,
Onda kyn düşmezdi beýdip gün görmek.
Bolmaz ahyr hak aýdymlaň deregne,
Agzyňa gelenin şagladyp ýörmek.

İne, şeýdip aklym bilen yüreğim,
Aýra düşüp barýa biri-birinden.
Ajal bolsa somlap elhenç penjesin,
Jan gardaşym elin üzenok menden.

Kesek diýseň çar tarapdan ýagyp dur,
Ýada bular görünýämi gözüme.
Kimkäm men?
Nämekä isleýän zadym,
Düşünip bilemok özüm -özüme...

Annasoltan Kekilowa.
12
144
Gülhan
7 Awgust 2022
Paradise, salam Jennet onatmyn
Myhman Myhman
7 Awgust 2022
Gowy gosgy tuys su dówre degisli ekeni
Paradise
4 Awgust 2022
Gowy gosgy... salam gowmy gulum
Myhman Myhman
3 Awgust 2022
Gowy gosgy... 6 topbagynam her bir seteri, manly...
Myhman Myhman
3 Awgust 2022
Gowy gosgy bolupdyr!eline saglyk!
perizadym
3 Awgust 2022
Düşünip bilemok özüm- özüme...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.