awesome
03.08.2022 13:51
Mugallym bolup, ine, şulara göz ýetirdim…
(bir mugallymyň belliklerinden)

Hiç kime özümizi zor bilen söýdürip bilmeris, emma özümiz söýülmäge mynasyp bolup bileris;
Ynamyň döremegi hem-de berkemegi üçin ençeme ýyl gerek, ýöne synmagy üçin ýekeje minut ýeterlik;
Gaýduwsyz mugallym edilmeli işden herki ýagdaýda el çekýän däldir;
Okuwçylar bizi gowy görýär, emma nädip subut etjegini bilenok;
Bilim bermek ýeňil üstünlikdir, hakyky üstünlik okuwçyny söýmek we onuň söýgüsini gazanmakdyr;
Umydymyzy üzen okuwçylarymyzyň köpüsi soňundan puşman edendiklerini aýdýar, şonuň üçinem ýalňyşyna çalt düşünerleri ýaly, biz olary terk etmeli däldiris;
Herki ýagdaýda öz-özüni aldamaýan adamlar has bagtly durmuşda ýaşaýarlar;
Arzyly diplomlar ynsanyň hakyky manyda adam bolmagy üçin ýeterlik däldir;
Şertler hem wakalar şu güne çenli nähili ýetişendigimize täsirini ýetiren bolup biler, emma häzirki ýagdaýymyz we bolşumyz üçin hut özümiz jogapkärdiris;
Her bir kynçylygyň ýanynda hökman bir mümkinçiligem bardyr we kynçylyk şol mümkinçilik bilen deňeşdirende owunjakdyr;
Söýgiňi elden çalt giderseň, ökünjiň telim ýyllap dowam edýär;
Älem-jahanyň özeni söýgüdir, şol sebäpden iň baý adam söýýän hem-de söýülýän kişidir.

Terjime eden Şatlyk Hudaýberdiýew
15
244
r200
28 Sentýabr 2023
Да это точно 😊
MissBoss♕
4 Awgust 2022
Alfons,geldi
Relax
4 Awgust 2022
MissBoss♕,yazdym bardymyy
Relax
4 Awgust 2022
MissBoss♕,@gmail aýt
MissBoss♕
4 Awgust 2022
Alfons,menide gosun
Relax
4 Awgust 2022
moana,@mailda bar grubaa eýämden goşdum senii
MissBoss♕
3 Awgust 2022
moana,men yatdan cykmayyn🙋🏻‍♀️
Myrataly
3 Awgust 2022
moana,Bashka howesjeňler bamy sorap gorda
ideallider
3 Awgust 2022
Myhman Myhman, nädip reg bolunaýnyny unudupdurun.
Myhman Myhman
3 Awgust 2022
Men regstrasya hem bolup blmk!birin dusunikli edp owredin plasea!°
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.