Owgan topragyna ugranda ýigit,
Gyz gözi ownujak hünjiden doldy.
Hoşlaşyk sözüni aýdanda ýigit,
Uzak aýralygy ýadyna saldy.
Ýigidiň gidenine sekiz aý boldy,
Gyz göwnüne başga bir hyýal geldi.
Näçe ýyl geçse-de belki dolanmaz,
Ölüligi-diriligi bilinmez.
Bir ýyl geçdi gyzdan ýeke hat geldi,
Ol ilkinji hem-de soňky hat boldy.
Bagyşlaý ezizim, bagyşlaý meni,
Garşy almak miýesser edenok seni.
Ýigit haty okap çete saýlandy,
Bolup geçen zatlar hakda oýlandy.
Bu pikir oglany gaýga gidirdi,
Oglan haty okap özün ýitirdi.
Birje patron bilen awtomat aldy,
Göwnüniň söýenje ýerine bardy.
Ýary gije ýarag sesi ýaňlandy.
Şeýdip ýaş esgeriň ömri soňlandy.
Ir bilen görseler bir esger ýatyr.
Ýüzi ýeri garbap elinde haty.
Ol hatyn içinde şeýle sözler bar ,
Söýgümde utuldym, bagyşla Nazar.
Ýigit ýatyr gara ýeriň astynda ,
Gyz hem gujak gerýär onuň üstünde.
Bagyşlaý ezizim, bagyşlaý meni.
Tä ölünçäm unutmaryn men seni.
Rugsat ber ezizim bile gideýin,
Ýalňyşyma janym gurban edeýin.
Ol haty ýazmadym gynamak üçin,
Ýazdym söýgümizi synamak üçin.