Aşyk bolan wagtym ýazan goşgym!
Salam bilen başlaýyn men,
bu goşgynyň başyny,
Salam Saňa, eý Behişdiň gunçasy!
Sen meniň ömrümiň şatlyk çeşmesi,
Salam Saňa, koňlümiň gül-gunçasy!
Edepli sen, sada sen hem – de görmegeý,
Wasp etmäge ejiz geler müňläp söz.
Onsoň seni nädip gabanmaýyn men,
Saňa nazar salar ýüzläp – müňläp göz.
Ýaşyl gözüň misli zümerret daşy,
Altyn saçyň ak bugdaýyň başy,
Uzyn boýuň misli derek agajy,
Janym ýakar ýokmy onuň alajy?!
Gaşlaryň ýaý, kirpikleriň ok seniň,
Ak ýüzüň misli bir On dördüň Aýy.
Al ýaňagyň misli bakja bägüli,
Dodagyň saz çalar, kemanyň ýaýy.
Şatlykdan doludyr gyz seň ýüregiň.
Haýran bilseň seniň şu edahadyňa.
Asmandan meň üçin inen melek sen,
Ötünç soraýan eden ähli gabahatyma.
Jana ýakyn öran mähirli gyz sen,
Kalbymda omürlik bahary – ýaz sen,
Aklymda ýaňlanýan bir ajap saz sen,
Seň ýanyňda eraýän bir bölek buz men.
Sen dek üýtgeşik gyzy gormändirin öň,
Ähli zada ýagşy göz bilen bakýaň.
Hemmäni gowa çekýäň, kötekläňok hiç,
Şeýdip, erbetleriň janyny ýakýaň.
Äleme şatlyk salar diňe barlygyň seniň,
Barlygyňam ýeter, sen ýanymda bol.
Seniň bilen bolýan wagtym biçak gyzykly,
Gitme ýeke goýup, sen ýanymda gal.
,,Her kişiniň bardyr özüniň melegi,
Kyn pursaty ýardam eder" – diýdiler.
Meniň melegim sen Jennetiň hüýri.
Seň yzyňda sergezdanlaryň biri,
Men däliden aýyp görme, geň görme,
Bu sözler meňki däl kalbymyň sözi,
Seniň üçin söz ýazdy barlygymyň özi.
Senden başga ýokdur Dünýäň ýüzünde,
Başgalardan saýlanýarsyň gözümde.
Mydam şatlyk bolsun ol gül ýüzüňde.
Öçmejek nur, mähir bardyr gözüňde,
Bu ajap goşgyny soňlaýyn men hem,
Belki soňky boljak sag bol sözümde.
2019ý
H3MRX