Kim men?" diyip sorag berip özüme,
Käte ýitirýärin özümi özüm..
Ejeme ýüzlenýän dünýä indirip,
Edenje tamaňy edenli gyzyň,
Ödedimi? Ýa paşmadyk arzuwyn,
Aýdyp jigeriňi dagladymy ýa?
Çeken armanyma näzik yüreğiň,
Meňkiden has beter agladymy ýa...
---------------------------------------------------------
Hyýallarym uçup ýörler düýnde,
Ahmyr bilen penjeleýän saçymy.
Öz-özüme ezýet berip — kötekläp,
Sowatmaga meýil edýän içimi.
-----------------------------------------------------------
Sag bol Durmuş!
Gije-gündiz galamymy oýnatdym,
Habar sorap gülden, ýagyşdan, guşdan
Aşagyndan çykar ýaly däl eken,
Kän zat alan ekenim men durmuşdan.
Ýöne neçün
Mende kinäň bar ýaly,
Berenlerňi alýaň ýuwaş-ýuwaşdan?
Ýa-da onuň bolmalysy şeýlemi?
Eýýäm aýra düşdüm ençe deň-duşdan.
Atyň eýerinde tans oýnaýyn,
Ýolbars deý böwseýin oduň halkasyn,
Köp zat berdim diýip gynama meni.
Berenleriň üçin taňryýalkasyn.
Pursat ber, howlukma,
Gyssama meni,
Älemgoşaryňa bir gaş kakaryn,
Önümde ak kagyz. Elimde galam.
Menem bir gün bergilemden çykaryn! G.Ezizow.