Garpyzyň bu peýdalaryny bilýäňizmi?
Garpyz irki döwürden bäri bejeriji serişde hökmünde giňden peýdalanylyp gelinýär. Garpyzyň watany Afrika hasaplanýar.
Gadym döwürlerde gelip çykan ýerinde Namib çölünde we Kalahari ýarymçöllüginde häli-häzire çenli hem ýabany görnüşde duş gelýär. Ilki Afrikada, soňra arap ýurtlarynda, Eýranda, Hindistanda uly meýdany eýelän bu bakja önümi soňra yssy we gurak klimatly beýleki ýurtlara giňden ýaýrap başlaýar. Ýewropada ilkinji bolup, ýabany garpyz bilen tanşan meşhur syýahatçy Dawid Liwingston: «Pilden başlap syçana çenli ähli öý haýwanlary Taňrynyň bu peşgeşine – içi suwly ala-mula iýmişe belet we ony ürç edip iýýärler» diýip belläpdir.
Garpyz lötünde pektin maddalary, beloklar, kaliý, kalsiý, magniý, fosfor, demir mikroelementleri, B1, B2, PP witaminleri, karotin, foliý we askorbin turşulary, aşgarlaýjy maddalar, şeker, ýumşak kletçatkalar we 80%-e çenli suw bar.Onuň paçagynda karotin we kaliý örän köpdür.
Garpyz gyzgyny peseldiji häsiýete eýedir. Ol dürli sowuklama prosseslerinde, ýürek-damar, aşgazan-içege ulgamynyň, böwregiň, öt haltasynyň sökelliklerinde, çiş kesellerinde, garyn garahassalygynda, iç gatamada we gepatitde, bagyr serrozynda, leýkemiýada diýseň peýdalydyr. Mundan başga-da, garpyz gan basyşyny durnuklaşdyrýar, immun ulgamyny pugtalandyrýar, organizmi şeker, demir, magniý, foliý turşusy bilen üpjün edýär.
Eýsem, garpyzy nähili ulanmaly?
· Deri kesellerinde, ýanykda, ýaralarda zeper ýeten ýerlerine her 2-3 sagatdan çalyp durmaly;
· Saç düşmede şampun garylan garpyz ýagyny hepdede 1 gezek kelläňize çalmaly. Suwuny günde 1 gezek 1-2 çaý çemçe içmeli. Ýagyny 5 aýdan 8 aýa çenli ulanmak ýeterlikdir;
· Bedende maddalaryň çalşygyny we turşadyjy deňeçerligi sazlaşdyrmak üçin 1 aý ulanmaly;
· Düwürtikli örgünlerde arassalanan derä günde 2 gezek çalmaly. Günde 4-6 gezek 0,5 çemçe içmeli. Bu bejergini 3 aýdan 6 aýa çenli ulanmaly.
Garpyz ýagynyň yzyndan suw içmeli däl. Bu ýag bedene ýaramly.
Bellik: islendik melhemligi, şol sanda garpyz ýagyny hem ulanmazdan ozal lukmanyňyz bilen maslahatlaşmaly!