Togrulbeg barada aýdan ýakymly ýatlamalaryny ýazgy etdik. Ilki bilen sungat wekilleriniň arasynda (Öwez çeh) lakamy ýörgünli bolan halypa sazanda Öwezberdi Öwezberdiýew bilen gürrüňdeş bolduk. (Okyjylaryň bu sazandanyň çeh lakamy barada gyzyklanmaklary mümkin diýen pikir bilen ol hakynda hem düşündirmegi makul bildik. Öwez aga okuwçy döwründe mekdepde «pionerler otagy» bar eken. Mekdep okuwçylary doganlyk halklaryň şeýle hem daşary ýurtlaryň okuwçylary bilen dostlukly hat alyşýarlar eken. Her okuwça haýsy ýurtdan hat gelýän bolsa, pionerler otagyndaky dostluk burçunda goýulýar eken. Şonda Öwez aga her gezek Çehoslowakiýaly bir okuwçy gyzdan ýygy-ýygydan hat gelýär eken. Her gezek hat gelende-de poçtalýon sag elinde hatly bukjany ýokaryk galdyryp: «Öwez, çe-eh» diýip gaty sesi bilen gygyryp gowşurýan eken. Şeýdibem Öwez çeh lakamy galypdyr.) Öwez aga:
— Togrulbegiň (Saboň) ejesi ejemiň özünden uly aýal dogany. Sabo Respublikan Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda baýan saz guralyndan okady. Şol wagtlar maşgalamyz mekdep-internatynyň golaýynda ýaşaýardy. Sabo bilen bileräk okadyk. Men Türkmen döwlet pedagogik Sungat institutynada onuň bilen bile girdim. Ol aýdym-saz bölümine, men kakylyp çalynýan saz gurallar bölümine girdim. Saboň kakasy taryhçydy. Şonuň üçin çagalarynyň atlary taryhy şahsyýetleriň atlary. Sabo ýokary okuw mekdebiň birinji ýyllyk talybyka kakasy ýogaldy. Meşhur Çuwal bagşynyň şägirdi Artykmämmet bagşy Sabonyň kakasynyň dogany. Artykmämmet bagşynyň ogly Goşa bagşy, bularyň arhiw ýazgylary radionyň hazynasynda saklanýar. Sabonyň uly agasy Arslan hem ökde sazandady. Ol gitara saz guralyny çalyp aýdym aýdardy hem sazyny sözlerini özi döreden ençeme aýdymlary bar. Sabo bilen kän toýlarda, baýramçylyklarda bile çykyş etdik. Nurýagdy Tokgaýewiň açan «Çynar», Şamämmet Bäşimowyň döreden «Dessan» aýdym-saz toparlarynda bile işledik.Onuň bilen 1978-nji ýylda Sankt-Peterburg şäherine gidip iki sany akkordeon saz guralyny,1979-njy ýylda Baku şäherine gidip «Garmon» saz guralyny satyn alyp geldik. Sabo sanardan kän aýdymlary döretdi. Ol kompozitorçylyk ugrundan Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowdan sapak aldy. Şonuň üçin Sabonyň döreden aýdymlarynyň her biri ýüz aýdyma degýär. Türkmenistanyň Halk artisti Akmuhammet Saparowyň: «Bilmen, läläm bilmen, Söwer ýarym näme aglaýaň…» diýip aýdýan ajaýyp aýdymynyň sazyny, sözlerini Sabo döretdi. Sabo saz çalanda sada hem owadan çalýardy. Onuň bilen işlän döwürlerimiz hiç-hili şertiň ýok mahallarydy.
Dowamy bar.