Neresse 2014-nji ýylyň 24-nji aprelinde-de dünýeden gaýtdy — diýip dymdy. Togrulbeg Artykow ussat sazanda, dörediji, hem özboluşly ýerine ýetiriji. Oňa muşdaklary: «Sabo Türkmenistanyň ilkinji estrada täzelikçisi. Onuň owazy bahar şemaly ýaly mylaýym. Ol sazandarlyk edende, entek aýdymyň sazy başlandan saz guralyny aýdymçynyň keýpine görä düzüp bilýärdi. Hat-da ol ýeke özi sazandarlyk edende-de topar bilen sazandarlyk edilýän ýaly, çalasynlyk bilen dürli saz guralyň owazyny bermäge geçiş ukyby güýçlüdi. «Wakodra» saz guralyny çalmaga gaty ussatdy» diýip baha berýärler.
Arhiw suratlary görüp otyrkak meşhur «Şükür bagşy» filminde Gulam bagşynyň keşbini janlandyran ussat artist Hojan Öwezgelenowyň bir topar suratlary bar eken. Gyzyklanyp soradym welin, Orazgül gelneje bu artistiň körpe gyzy eken. Ol: «Üç aýal, dört erkek dogandan ýeke özüm galdym» diýip gamgyn halda gürrüňini dowam etdi. — Atam ýüň darak ýasaýan ussa bolansoň, ol «Öwezgelen darakçy» diýlip tanalýan eken. Kakam Duşakda doglan, Şükür bagşy bilen obadaş. Bir gün Şükür bagşy garran wagty atamyň ýanyna gelýär. Şol wagt hem çaga bolansoň, kakam daşarda oýnap ýören eken. Şükür bagşy kakama gapymyzdaky tut agajyndan dutar ýasap berýär. Soň ol kakama kiçiliginden dutar çalmagy öwredýär. Kakam mekdebi gutaransoň, hasapçylyk hünärinden bilim alýar. Soň bolsa polisiýa işgäri bolup, etrabymyzda bu ugurdan ýolbaşçy wezipede işlänsoň, «Hojan milise» diýlip tanalýardy. Ýöne öz esasy işiniň daşyndan etrabymyzdaky toý-tomaşalarda saz çalardy. Bulat Mansurow «Şükür bagşy» filmini surata düşürjek bolanda Şükür bagşynyň öz çalan sazlaryny bilýän sazanda gözläp başlaýar. Şonda: «Şükür bagşynyň hakyky şägirdi» diýip, kakamy salgy berýärler. Şeýlelik bilenem kakamy paýtagta alyp gaýdýarlar. Kakam Şükür bagşynyň keşbini döreden Aman Handurdyýewe halypasyndan öwrenen sazlaryny öwredip, bir aý paýtagtymyzdaky «Türkmenistan» myhmanhanasynda türgenleşik geçýärler. «Kakamy göresim gelýär» diýemsoň, ejem elimden tutup şol myhmanhana kakamyň yzyndan getireni häzirem ýadymda. Türgenleşikden soň kakama: «Gulam bagşynyň keşbini döretmegem saňa ynanýas» diýýärler. Kakamyň kino sahnasynda döreden Gulam bagşynyň keşbi şowuna düşenligi üçin bolsa, soň oňa ýene «Gelin», «Aýal ata çykanda» we başga-da birnäçe kinolarda keşpler ynanylýar. «Gelin» kinosynda döreden keşbi üçin Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Şeýdibem kakam sungat wekilleriniň hataryna goşulýar. Maşgalamyzda agam Çary Hojanow hem artistdi. Ol hem birnäçe kinolarda dürli keşpler döredipdi» diýip, onuň meşhur artistler Sabyr Ataýewa, Kerim Annanow dagy bilen düşen suratlary bilen tanyşdyrdy. «Kakam ýedinji synpda okaýarkam ýogaldy» diýip gürrüň berdi. Orazgül gelnejäniň aýdan gürrüňlerini başardygymdan kagyza geçirdim. Soňra bolsa, Togrulbeg Artykowyň bile işleşen kärdeşleriniň käbirleri bilen gürrüňdeş bolup, olaryň hem Togrulbeg barada aýdan ýakymly ýatlamalaryny ýazgy etdik.
Dowamy bar.