Poet
02.08.2022 09:06
Dostluk.

"Dostluk näme?"- diýip, berdiler sowal,
Diýdim: "Dost başyna düşse bir zowal,
Şonda sen nähili dostluk edersiň?
Şonda sen neneňsi goltgy berersiň?"

"Hak dost kimkä?"- diýip, sorady her kim,
Men diýdim: "Çyn dostuň bolanda häkim,
Şonda sen dostuňy tanap bilersiň,
Ýa-da has aşakdan garap bilersiň"

"Dostluk näme?"- diýip, sorap durdular,
Men diýdim: "Aýdaly, dostuň urdular,
Şonda sen nähili karar berersiň?
Şonda sen neneňsi durup bilersiň?!"

"Dostluk näme?"- diýip, oýa batdylar,
Men diýdim: "Dostuňa töhmet atdylar,
Şonda sen nähili jogap berersiň?
Şonda sen neneňsi dymyp bilersiň?!"


Sorag:
Iň ýakyn dostuňyzyň baş harpy?..
10
159
Ovezova_
3 Awgust 2022
Ş....gosga söz yok👏
Gülhan
3 Awgust 2022
G baş harpy
Poet
3 Awgust 2022
IDEALLIDER, sagbolun :)
Dusia
2 Awgust 2022
"D".....
ideallider
2 Awgust 2022
Hasabymdan gowy ýazylypdyr, öwgä mynasyp, göwnüm ýetdi. Ý🙂👍
Papatya
2 Awgust 2022
Poet, menem ynamly onda) boýdaşyma söz ýok...
Poet
2 Awgust 2022
Papatya, "A" harplylar ynamly bolya dp eşitdim, dogrymy bilemok yöne)
Papatya
2 Awgust 2022
Poet, dogry...
Poet
2 Awgust 2022
Milaya_🌺, G.Ezizow "Dostsuz hem söýgüsiz ýaşamak ne kyn" diýýär. Şolar bolmasa durmuş çyndanam kyn düşer...)
Papatya
2 Awgust 2022
A......
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.