perizadym
02.08.2022 08:55
Öýke dälmi ýürekleri gatadan,
Perzentler öýkelär ene-atadan.

Sylagy, sarpany har etdi öýke,
Dogany dogana zar etdi öýke.

Öýke daşlaşdyrdy ýary ýaryndan,
Öýke üstün çykdy ýürek zaryndan.

Dost dostdan öýkelär, goñşydan goñşy,
Geñ olaryñ birek- bireksiz oñşy.

Üç günden köp bolsa öýkeleriñiz,
"Musulman däl" diýen Pygamberimiz.
11
44
ideallider
3 Awgust 2022
Myhman Myhman, salam
Myhman Myhman
3 Awgust 2022
Salam
Papatya
2 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
Poet
2 Awgust 2022
👍👍👍👍🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.