Myhman bolup dogulamda bu dünýä,
Apalanman, lukman şarpygyn iýdim.
Ýalança indiňmi çyndan gül ýalan,
Bu giň dünýa saňa sowgadym diýdiň...
Dos berdiň şatlygym des deň paýlaşjak,
Tapmadym gaýgymda bile aglaşjak.
Gyşlanymda gyşlap, ýazym yazlaşjak,
Ajap peri peýker sowgadym diýdiň
Käbirleri ýaly beren zadyňa,
Dile çolamadyň goýup adyňa.
Geçen günlerimi guýup ýadyma,
Ýatlarsyň geljekde sowgadym diýdiň...
Namarda mätaç däl edýän müň şükür,
Malyma baýyrlyp gürlämok küpür.
Hiç kime bildirmän gözýaşyň süpür
Diýip ýalan gülki sowgadym diýdiň....