awesome
01.08.2022 18:00
KAFKANYŇ HAÝYŞY

Ýazyjy Frans Kafka diri wagty bary-ýogy birnäçe hekaýasyny çap etdiripdir. Agyr derde duçar gelip ýatan mahaly ol özüniň ýazylyp gutarylmadyk romanlary bilen bilelikde ähli işlerini otlamagy dosty Maks Broddan haýyş edipdir. Brod bu haýyşy bitirmändir, tersine, ýazyjynyň eserlerini çap etdirmegiň aladasyny edipdir we netijede Kafkanyň dünýä möçberinde şöhratlanmagyna sebäp bolupdyr.


TÖTÄNDEN ÝAZYJY BOLUPDYR

Geçen asyryň 30-njy ýyllarynyň aýagynda Moskwa institutlarynyň birinde matematikadan ders berýän Aleksandr Wolkow iňlis dilini öwrenip başlapdyr. Tejribe üçin amerikan ýazyjysy Frenk Baumyň “Oz ülkesiniň akyldary” atly ertekisini terjime edipdir. Ony çagalaryna okap beripdir. Çagalar ertekini halapdyrlar we dowamyny gürrüň bermegi sorapdyrlar. Wolkow terjimeden daşgary özünden bir zatlar toslaşdyrypdyr. Şu ýerdenem onuň ýazyjylyk ýoly başlanypdyr. Netijede Jadygöý ülke baradaky “Zümerret şäheriniň jadygöýi” we beýleki köp sanly ertekileri peýda bolupdyr. “Oz ülkesiniň akyldary” diýen erteki bolsa, sada terjimede 1991-nji ýylda çap edildi.


DURMUŞ TEJRIBESINDEN

Dostoýewskiý “Jenaýat we jeza” romanynda Peterburgyň ýer atlaryny, mekanlary takyklygy bilen giňişleýin beýan edipdir. Eseriň baş gahrymany Raskolnikowyň göterimine pul berýän aýalyň öýünden ogurlan zatlaryny gizleýän howlusyny suratlandyranda ýazyjy öz şahsy durmuş tejribesinden peýdalanandygyny – bir gezek şäherde gezelenç edip ýörkä hajat zerarly boşlaň howla degip geçendigini tassyklapdyr.


ÇYNA ÖWRÜLEN OÝUN

Ikinji Jahan urşy döwründe harby ýagdaýlar zerarly göçürilşikde şahyr Marina Swetaýewany Tatarystanyň Ýelabuga şäherine iberipdirler.
Ýazyjy Boris Pasternak oňa şaýyny tutmaga kömek edipdir. Şonda ol goş- golamy daňar ýaly ýüp getirip, onuň berkligini mazamlamak üçin: -Çydamly ýüpdür, özüňi assaňam, üzüljek gümany ýok – diýip degişipdir. Soň Swetaýewanyň Ýelabugada hut şol ýüp bilen özüni asandygy barada Boris Pasternaga habar beripdirler.

GALAMHAKY ÜÇIN

Ýazyjy Aleksandr Dýuma “Üç muşketýor” eserini ýazanda golýazmanyň her setiri üçin tölemek barada neşirçi bilen şertnamasy bar eken. Galamhakyny köpeltmek üçin Dýuma eseriň gahrymany Atos üçin Grimo atly hyzmatkäri oýlap tapypdyr. Hyzmatkär köplenç gysgajyk soraglar berip, sowallara-da bir söz bilen “Hawa” ýa “Ýok” diýip jogap gaýtarypdyr. Kitabyň dowamy bolan “Ýigrimi ýyldan soň” atly bölüminiň bolsa her sözüne hak tölenipdir. Şonda Grimo öňküsinden has köp gepleýän, ýaňra edilip görkezilipdir.


Rus dilinden terjime eden Kakamyrat ATAÝEW.
12
59
gena_02
1 Awgust 2022
moana,Gowja makala
Myhman Myhman
1 Awgust 2022
Aly Şirhan: Salam dostlam, gaty gyzykly maglumatlar moana... jenaýat we jeza romanynam, uç muşketýor romanynam, kafkanyň eserlerinem okap görmäni maslahat berýän, ýöne olar hakdaky beýle maglumatlary bilmeýärdim, sag boluň!..
Papatya
1 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
perizadym
1 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.